Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Obamanyň administrasiýasynyň syýasatyna garşy aksiýa geçirildi


Waşingtonda ABŞ-nyň prezidenti Barak Obamanyň administrasiýasynyň syýasatyna garşy protest aksiýasy geçirilip, oňa onlarça müň adam gatnaşdy.

Miting 47 ýyl mundan öň Martin Lýuter Kingiň jynsy kemsitmelere garşy göreşe bagyşlap, “Mende bir arzuw bar” (“I have a dream”) diýen meşhur sözüni aýdan ýerinde geçirildi.

Respublikan partiýadan ABŞ-laryň wise-prezidentligine öňki kandidat Sara Palin mitingde çykyş edip, aksiýa gatnaşýan adamlary geçen asyryň 60-njy ýyllarynda graždan hukuklary ugrunda göreşen adamlar bilen deňeşdirdi we şeýle diýdi: “Biz käbir adamlaryň isleýşi ýaly Amerikany düýpli özgertmeli däl, biz Amerikany dikeltmeli, onuň şöhratyny galdyrmaly” - diýip, Sara Palin aýtdy.

Graždan aktiwistleriniň ençemesi bu mitingi gurnaýjylary tankytladylar we olaryň konserwatiw syýasy garaýyşlarynyň Martin Lýuter Kingiň goran gymmatlyklaryna garşy gelýändigini bellediler.
XS
SM
MD
LG