Sepleriň elýeterliligi

Hytaý Sary deňizde harby okuwlar geçirer


Hytaý şu hepde Sary deňizde harby okuwlar geçirjekdigini yglan etdi.

Sindao şäheriniň töwereginde, deňiz kenarynda ýerleşýän güýçleriň gatnaşmagynda okuwlar hepdäniň üçünji gününe planlaşdyrylýar. Ol şenbe gününe çenli dowam eder.

Mundan öň Pekin geçen aý ABŞ-nyň Günorta Koreýa bilen bilelikde Sary deňizde geçiren okuwlaryny we indiki planlaşdyrýan manýowrlaryny ýiti tankyt edipdi.

HHR-nyň ýolbaşçylygynyň beýannamasyna görä, şeýle hereketler Koreý ýarym adasynda ýagdaýyň ýitileşmek howpuny güýçlendirýär.
XS
SM
MD
LG