Sepleriň elýeterliligi

Hytaý bilen Ýaponiýa proteksionizme “bilelikde garşy durmaly”


Hytaý bilen Ýaponiýa dünýä söwdasynda proteksionizmiň islendik ýüze çykmasyna bilelikde garşy durmaly diýip, Hytaýyň premýer-ministri Wen Szýabao hasap edýär.

Ol bu barasynda Ýaponiýanyň daşary işler ministri Kasu Okada bilen Pekinde bolan duşuşygynda aýtdy we dünýäniň uly ykdysadyýetine wekilçilik edýän iki ýurduň tagallalarynyň regional hyzmatdaşlyga-da gönükdirilmelidigini nygtady.

Öz gezeginde Ýaponiýanyň daşary işler ministri Hytaýda inwestisiýa şertlerini gowulandyrmak boýunça zerur çärleler geçirilmelidigini aýtdy.
XS
SM
MD
LG