Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabatda ÝHHG-niň kanunçylyk kursunyň üçünjisi tamamlandy


"27-nji awgustda ÝHHG kanun döretmek meseleleri boýunça Türkmenistanda üçünji tapgyr okuw kurslaryny Aşgabatda tamamlady" diýip, bu guramanyň metbugat beýanatynda aýdylýar. Birinji we ikinji kurslar ýylyň başynda geçirilipdi.

ÝHHG-niň gurnan kurslary Mejlis bilen ysnyşykly hazmatdaşlykda, türkmen parlamentiniň jaýynda geçirildi.

3 günlük kurslarda kanun dörediş prosessiniň döwürleri, kanunlara seretmek hem kabul etmek, netijeleri analiz etmek hem baha bermek, şeýle-de köpçülikleýin habar serişdeleriniň roly, kanun dörediş prosessine jemgyýetçiligiň gatnaşygy ýaly meselelere seredildi.

Orsýetli ekspert Daniil Çukwiçewiň: “ÝHHG-e agza döwletler parlament ýaly demokratik institutlary döretmek we pugtalandyrmak boýunça borç aldylar. Tehniki kurslar ÝHHG-niň merkezi bilen Türkmen parlamentiniň arasynda hyzmatdaşlygyň täze perspektiwalaryny açdy” diýendigi guramanyň metbugat beýanatynda aýdylýar.
XS
SM
MD
LG