Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

BMG Türkmenistanyň täze teklibini goldaýar


“Merkezi Aziýa we Hazar basseýni döwletleri üçin töweregi goramak boýunça BMG-niň merkezini açmak baradaky Türkmenistanyň teklibini BMG goldaýar”- diýip, guramanyň Türkmenistandaky koordinatory Lenni Montiel “Neýtralnyý Türkmenistan” gazetine beren interwýusynda aýtdy.

Seýsmik zonada ýerleşýän Türkmenistan bilen adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlyk meseleleri boýunça hyzmatdaşlyk örän möhüm, bu ugurdan UNHCR, UNICEF, UNDP we UNFPA iş alyp barýarlar.

BMG-niň Türkmenistandaky koordinatory Lenni Montieliň sözlerine görä, BMG-niň regional merkezini açmak boýunça konsultasiýalar dowam edýär.
Şeýle hem Lenni Montieliň aýtmagyna görä, Türkmenistan BMG-niň Ykdyady we sosial geňeşiniň we BMG-niň Bosgunlar baradaky dolandyryjy komitetiniň agzalygyna dalaş edýär.
XS
SM
MD
LG