Sepleriň elýeterliligi

Oxfam guramasy Pakistanda dikeldiş işlerine aýak direýär


Pakistanyň Sind welaýatynda halas edijiler harbylar bilen bilelikde Thatta şäherini suw basmazlygy üçin göreşýärler.

Şäheriň töweregindäki gaçylary berkitmek boýunça uly tagallalar edilýär. Şäher ilatynyň aglaba bölegi wakalaryň ösüşiniň has ýaramaz bolaryndan heder edip, öýlerini terk etdiler.

Oxfam gumanitar guramasy Pakistanyň suw joşmasyndan ejir çeken etraplarynda gyssagly dikeldiş işlerine başlamaga aýak direýär.

Oxfam guramasynyň işgäriniň pikiriçe, “bolup geçen waka uzak wagtlyk betbagçylyga öwrülmez ýaly häziriň özünde ýollaryň, köprüleriň, keselhanadyr mekdepleriň gurluşygyna hem abatlaýyş işlerine girişmeli.

Sowuk düşýänçä, millionlarça öýsüz-öwzarsyz galan adamlary jaý bilen üpjün etmeli.

Oba hojalyk işleriniň gijä galýandygy bilen bagly gurama onuň pakistanlylar üçin ýaramaz netijelere alyp geljekdigini-de duýdurdy.

Pakistanda bolan suw joşmasynda 1600 töweregi adam heläk boldy. Tebigy betbagçylyk 20 million töweregi adamyň durmuşyna ýaramaz täsir ýetirdi.
XS
SM
MD
LG