Sepleriň elýeterliligi

Azatlyk Radiosy Germaniýanyň Münhen şäherinde ýaşaýan belli türkmen hudožnigi Mommak Kuly bilen söhbetdeş boldy. Söhbetdeşligi geçiren Hudaýberdi Hally.

Azatlyk Radiosy: Mommak, golaýda Ispaniýanyň Malaga şäherinde dünýä belli hudožnik Pablo Pikassonyň täze sergisi açyldy. Şol sergini synlanyňda, siziň işleriňiz, Tokar Tuguryň, Hoşgeldi Şahberdiniň işleri ýadyňa düşýär. Pikassony siziň halypaňyz hasaplasak, şol dogry bolarmy?

Mommak Kuly: Aý, gaty dogry ol. Pikasso, elbetde, dünýäň täze modern sungatynyň beýik hudožnikleriniň biri hasap edilýär. Onuň üçin, elbetde, gaty dogry ol. Ispaniýanyň Barselona şäherinde onuň gaty uly muzeýi bar, Parižde Pikassoň uly muzeýi bar. Olara kän aýlandym, kän seretdim işlerine. Aý, ol, elbetde, beýik hudožnik.

Azatlyk Radiosy: Sag bol. Indi şonuň bilen birlikde Pikasso öz dogduk şäherinden okuw bahanasy bilen ýaşlykda çykyp gaýdypdyr. Soňky gezek Malaga 19 ýaşynda barypdyr. Soň gaýdyp barmandyr şol şähere. Ýöne bütin Malaga şonuň ady bilen şöhratlanýar. Diýjek bolýanym, Watany söýmek üçin, watançy bolmak üçin, şol ýerde ýaşamak hökman däl ýaly. Şeýlemi?

Mommak Kuly: Biri menden sorady-da. “Sen öz Watanyňy satan hasaplaýaňmy?” diýip. Indi edil beýle diýsegem, ýalňyş ol. Ýöne men oňa aýtdym: “Men Aýyň üstünde bolsamam, Türkmenistany söýerin. Söýýän” diýdim. Türkmenistan meniň ýüregimde. Ol meniň durkumda. Hudožnigiň, sungat işgärleriniň ýagdaýy şonuň ýaly. Elbetde, sen Watanyňy söýmeseň, nähili sen sungat işgäri bolup bilersiň? Onuň üçin edýän işleriňde, çekýän suratlaryňda diňe Watan. Watana bolan söýgi bilen sungat edilýär.

Azatlyk Radiosy: Watan bilen baglanyşykly ýene bir sowalym bar, eger biz Pikassonyň mysalyna ýüzlensek, Pablo Pikassoda millilik nämede?

Mommak Kuly: Millilik… Elbetde, men-ä hemişe sungaty saz bilen baglanyşdyrýan, çeperçilik sungatyny. Onuň eden işlerinde hemişe flamingo sazlary ýadyňa düşýär. Gitara bilen baglanyşykly, ýaňky flamingo tanslary bilen bagly. Ýene alyp görsek, onuň reňkleri, elbetde, Ispaniýany gaty ýatlatdyrýar. Bütin ömrüne Fransiýada ýaşap geçen adam, ýöne işlerinde, elbetde, şol Ispaniýanyň yssylygy, güni, dürli reňkleri görünýär-dä. Korrida öküzleri bilen baglanyşykly işlerem gaty kän. Şondanam görünýä Ispaniýa bolan milli duýgusy. Hem şol ispan atlary. Olary aslynda alyp görseň, arap atlary-da. Millilik şo atlar bilenem baglanyşykly. Tematiki taraplaryndan alyp görsek, şolar bilen baglanyşykly.

Azatlyk Radiosy: Siziň öz işleriňize gelsek, sizde belli bir derejede surrealizm bar, abstraksionizm bar. Siziň işleriňiziň milliligi nämeden ybarat?

Mommak Kuly:
Dogrusyny aýtsam, meniň işlerim surrealizm ýa abstrakt ýollar bilen däl-de, türkmen nagyşlary bilen, türkmeniň sazy bilen, Türkmenistanyň reňkleri bilen, türkmen gelin-gyzlarynyň näzik elleri bilen dokan halylary, nagyşlary bilen baglanyşykly. Hem, elbetde, Türkmenistanyň al, ýaşyl reňkleri. Güni, ýakyp barýan güni öz işlerimde görkezmek bilen, şonuň bilen baglanyşykly.

Azatlyk Radiosy: Mommak, sen ýurdy ýatlap, ýene bir sowalyň üstünden bardyň.

Mommak Kuly: Hawa.

Azatlyk Radiosy: Ýene-de Pikassonyň mysalyna gelsek, ol bütin ömrüni Parižde ýa-da Fransiýanyň günortasynda ýaşap geçipdir. Siz, ine, Münhende otyrsyňyz.

Mommak Kuly: Hawa.

Azatlyk Radiosy: Öz döwründe Tokar Tuguram birnäçe gezek Germaniýa gelip, işläp gitmek isledi. Fransiýanyň ýa-da bolmasa Germaniýanyň howasy aýratynmy? O ýerde şöhle aýratynmy? Näme üçin hudožnikler bärik ymtylýarlar?

Mommak Kuly: Ýok, ol howa bilen baglanyşykly däl. Dogrusyny aýtsam, meniň üçin-ä Türkmenistanyň howasy ýaly howa ýok. Käwagt özüme diýýän, Türkmenistanyň birje tozanlyja köçesini bütin dünýä berjek däl. Ýöne bu taýyk gelmegimiň sebäbi öz edýän sungatymy görkezmek üçin. Bu taýda hudožnik üçin gaty uly mümkinçilikler bar.

Azatlyk Radiosy: Hawa. Ikinjidenem, kolleksionerler bar, sungaty öwrenijiler bar.

Mommak Kuly: Hawa, bu taýda näme, köp adam sungat işlerini kolleksiýa edýärler, ýygnaýarlar, toplaýarlar-da. Sungat toplaýan adamlar bar. Sungaty gaty söýýän adamlar kän. Sergi mümkinçilikleri köp. Uly-uly muzeýler bar. Ynha, Münhende, aýtsak, şu taýda her gün azyndan bir sergi açylýar.

Azatlyk Radiosy: Indi Türkmenistany ýatlasak, Mommak, seniň bilşiň ýaly, bizde sungatyň ähli görnüşleri üçin, diňe bir sergi zaly bardy-da.

Mommak Kuly: Hawa.

Azatlyk Radiosy: Şol sergi zalyna-da düşmek kyn boldy. Ine, soňky döwürde Tokar Tuguryň sergisiniň ilki bilen açylýandygynyň aýan edilmegi, bildirişiniň çykmagy, soň açylmaly wagty gelende-de, onuň ýapylmagy gaty bir gynandyryjy boldy.

Mommak Kuly: Tokar neressäň… Ol bir biz üçin gaty uly hudožnikdi. Elbetde, eşiden habarymyz meniň üçin gaty bir gyanançly boldy. Näme
Men Aýyň üstünde bolsamam, Türkmenistany söýerin. Söýýän. Türkmenistan meniň ýüregimde. Ol meniň durkumda.
üçin bir hudožnigiň işini ýapmaly? Heý, sungat diýilýän zadam bir görkezmän bolarmy?! Onuň işlerinde syýasat bilen baglanyşykly zatlar ýok. Ol bir owadanlygy görkezýän adam. Onuň üçin şol habary eşidip, men-ä özüm, dogrymy aýtsam, gaty gynandym.

Sungata üns berilmese, munuň özi bir gowy zat däl-dä. Sebäbi bütin dünýäde ýurtlary, milleti sungat üsti bilen, medeniýet üsti bilen tanaýarlar. Aýdaly, ynha, Malagada halkara aeroporty Pikassonyň adynda, restoranlary, hotelleri Pikassonyň adynda. Rime baryp görseň, uly aeroporty Leonardo da Winçiniň adynda. Sungat diýilýän zat uly bir güýç. Hawa. Onuň üçin sungata Türkmenistanda-da uly üns berilse, bizem oňa gaty begenjek.

Azatlyk Radiosy: Mommak, beren gürrüňleriň üçin köp sag bol.
XS
SM
MD
LG