Sepleriň elýeterliligi

Türkmen telewideniýesiniň habar bermegine görä, hepdäniň ýekşenbe güni ýurduň demirgazyk welaýaty bolan Daşoguzda ýaşulularyň ak pata bermeginde pagta ýygymyna girişildi.

Aslynda pagta ýygymyna telewideniýede görkezilişi ýaly, ýaşulularyň ak pata bermegi bilen däl-de, hasylyň ýetişişine görä girişilýär. Daşoguz welaýaty ýurduň demirgazygynda ýerleşensoň, bu ýerde galla oragyna giç başlanyşy ýaly, pagta ýygymyna-da giç başlanýar.

Ýurduň Lebap we Mary welaýatlarynda bolsa pagta ýygymyna has ir başlanýar. Daşoguz welaýatynda pagta ýygymynyň başlanmagy tutuş Türkmenistanda pagta ýygymynyň başlanmagynyň aňlatmasydyr.

Planyň azaldylmagy

Häzirki wagtda her etrapda eýýäm pagta planyny dolan kärendeçiler hem bar. Olar her gektardan 16 sentner hasyl ýygnap, döwlete tabşyrmaly borçnamasyny berjaý etdiler.

Pagta diýeniň galla ýygnan ýaly däl. Ol tä sowuk urýança hasyl berip durmak bilen bolýar. Pagtaçy kärendeçileriň ir möhletde planyny dolmagy bolsa, döwletiň her gektardan öňki ýaly 30 sentner däl-de, 16 sentner hasyl almagy borç edip goýmagynyň netijesindedir.

1 gektardan alynmaly hasylyň 16-a çenli düşürilmegi soňky on bäş ýylyň dowamynda Türkmenistanda şundan ýokary netije alyp bolunmagynlygy üçin diýlip düşündirilýär. Kärendeçileriň arasynda hatda 1 gektardan 12-10 sentner hasyl alyp bilmeýänleri-de bardy.

Saparmyrat Nyýazowyň döwründe döwlet harmanyna her ýyl 2 million tonna pagta tabşyrmak plany bardy. Häzir bolsa pagta plany 1 milliona düşürildi. Pagta planyň mukdary känbir mahabatlandyrylynok. Hatda ozallar pagta ýyglyşynyň statistikasy ýurduň mediasynda berlen bolsa, indi bu barada köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde agzalmaýar.

Defolýasiýa işleri

Türkmenistan garaşsyzlygyny alansoň, Saparmyrat Nyýazowyň yglan eden galla garaşsyzlygy syýasaty netijesinde welaýatlaryň köp ýerlerinde gowaça gallanyň yzyna ekilip başlandy. Munuň hem sebäbi ekin ýerleriniň ýetmezçiligi bolupdy. Ýylyň aprel aýynda ekilmeli gowaçalar iýunyň ahyrlarynda ekilip başlansoň, olar giç ýetişýärdiler.

Giç ýetişen pagtany defolýasiýa etmek hem kyn bolýar. Defolýasiýa işleriniň geçirilýändigine garamazdan, gowaçanyň ýapraklary göwnejaý düşübermeýär. Netijede bolsa, ýapraklary düşmedik gowaçalay meýdanlara pagta ýygyjy kombaýnlary salmak kyn bolýar.

Ýöne soňky ýyllarda defolýasiýa işleriniň geçirilişi hem ýabygorly. Bu iş ähli gowaçaly meýdanlarda geçirilmeýär.

Defolýasiýa pagta hasylynyň üstüne hasyl goşýan işdir. Sebäbi gowaçalar tä dekabr aýyna çenli ýuwaş-ýuwaşdan gülläp hem gozalap (körekläp) durýar. Gowaçalaryň ýapragy düşürilen halatda täze düwlen gozalaryň çalt bişmegine hemaýat edýär. Şeýle hem defolýasiýa gowaçalaryň bişmedik köreklerini gurçuklaryň iýmeginden goraýar. Defolýasiýa geçirilmese, bişmedik körekler pagta öwrülmän galýar ýa-da olary gurçuklar iýýär.

Pagta meýdanlarynda defolýasiýa geçirmek işleri diňe bir pagtadan bol hasyl almaga däl, eýsem daýhanlaryň şahsy hojalyklaryndaky ekinleriniň hem bol hasyl bermegine ýardam edýär. Sebäbi defolýasiýa bolmadyk wagtynda gurçuklar şahsy hojalykdaky ekinlere-de, daýhan hojalygyndaky ekinlere-de, kärende hojalygyndaky ekinlere-de düşüp, olaryň bol hasyl bermegine uly zyýan ýetirýär.

Pagtalary kimler ýygýar?

Türkmenistanda mekdep okuwçylaryny pagta sürmek kanun taýdan gadagandyr. Ýöne şonda-da pagta meýdanlarynda uly ýaşly okuwçylaryň pagta ýygyp ýörenine duşmak bolýar. Olar, esasan, öz hossarlaryna kömek etmek üçin meýletin meýdana çykanlardyr.

Okuwçylar pagta ýygmasa-da, olaryň deregine mugallymlar welin ýygmaly bolýarlar. Pagta kampaniýasy başlanda, býujet edaralarynda zähmet çekýänleri pagta kowmak işi entegem dowam edýär.

Bir kilogram pagta ýygan ýygymça 20 teňňe tölenýär. Bu nyrh oba ýerleriniň ilaty üçin az hem däldir. Häzirki wagtda pagta ýygymy gaty bir gyzgalaňly däldir. Heniz pagtalar patrak ýaly açylanok. Ýene iki hepdeden welin, pagta ýygymynyň daşynda gyzgalaňyň başlanjagyny çaklamak mümkin.

Ýerli habarçynyň maglumatlary esasynda taýýarlandy.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG