Sepleriň elýeterliligi

“Türkmenhowaýollary” Ankara we Antalýa gatnaw isleýär


Ýekşenbe güni Türkiýäniň döwlet ministri Zafer Çaglaýan iki günlik resmi sapar bilen Aşgabada geldi. Bu barada Anadoly agentligine salgylanyp türk metbugat habar berýär.

Türkiýeli ministr Z.Çaglaýany Aşgabadyň halkara aeroportunda Türkmenistanyň Söwda we senagat palatasynyň ýolbaşçysy Päliwan Taganow garşylady. Türk resmisi şol ýerde P.Taganow bilen gepleşik geçirdi.

Ministr Z.Çaglaýan Türkmen-türk işewür geňeşiniň döredilmeginiň ähmiýetine ünsi çekip, munuň bar bolan kynçylyklaryň gysga wagtyň içinde aradan aýrylmagyna ýardam etjekdigini belledi.

Türkmenistanyň Söwda we senagat palatasynyň ýolbaşçysy P.Taganow bolsa “Türkmenhowaýollary” döwlet milli gullugynyň ýakyn wagtda Ankara we Antalýa howa gatnawlaryny ýola goýmak isleýändigini bildirdi.

Şondan soň Türkiýäniň döwlet ministri Z.Çaglaýan “Türk Howa Ýollarynyň” baş direktory Temel Kotil bilen telefon arkaly habarlaşyp, türkmen tarapynyň islegini ýetirdi diýip, Anadoly agentligi habar berýär. Şeýle hem Z.Çaglaýan bu meseläniň duşenbe güni geçiriljek Türkmen-türk işewür geňeşiniň duşuşygynda hem maslahatlaşyljakdygyny aýtdy.

Şu gün Türkiýäniň döwlet ministri Z.Çaglaýan Aşgabatda ikinji gezek geçirilýän Türkiýäniň eksport harytlarynyň sergisine gatnaşar.
XS
SM
MD
LG