Sepleriň elýeterliligi

Sudanyň Darfur regionynda orsýetli pilotlar ogurlandy


Sudanyň dawaly Darfur regionynda orsýetli üç pilot ýitirim boldy. Sudanyň SUDA habar gullugynyň maglumatyna görä, ýurduň howa ýollary üçin işleýän pilotlar ýekşenbe güni günortandan soň Nýala şäherinde ogurlanypdyr.

Sudanyň harby bileleşikleri iki orsýetlini gözlemek üçin alada edýärler. “Reuters” agentliginiň habaryna görä, 2009-njy ýylda Halkara jenaýat sudy Sudanyň prezidenti el-Başiri tussag etmäge rugsat berenden soň, Sudanda adam ogurlamalar köpeldi.

Sudanyň prezidenti harby jenaýatlarda we adamzada garşy jenaýatlarda aýyplanýar.
XS
SM
MD
LG