Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Liwiýanyň prezidenti Muammar Kaddafi Rimde


Liwiýanyň prezidenti Muammar Kaddafi ýekşenbe güni Rime bardy. Ol Italiýa-Liwiýa dostluk ylalaşygyna gol goýulmagynyň 2 ýyllygyny bellemek üçin iki günlük resmi sapar edýär.

Şu gün Kaddafi Italiýanyň premýer-ministri Silwiýo Berluskoni bilen duşuşar. Olaryň duşuşygy gün ýaşandan soň bolar diýlip garaşylýar. Çünki mukaddes Remezan aýynda gündiz agyz beklenýär.

Kaddafi öz ýany bilen ýörite çadyryny hem Rime alyp bardy we ol Liwiýanyň Rimdäki Ilçihanasynyň rezidensiýasynda gurlar.

Şeýle-de Kaddafiniň ýanynda 30 çemesi aty we onlarça janpenasy bar.
XS
SM
MD
LG