Sepleriň elýeterliligi

Owganystandaky hüjümlerde 7 amerikan esgeri heläk boldy


Dynç günleri Owganystanda bolan hüjümlerde 7 amerikan esgeri we Parlament saýlawlaryna bir kandidat heläk boldy.

NATO-nyň ýolbaşçylygyndaky Halkara howpsuzlyk güýçleriniň maglumatyna görä, düýnki bolan dürli hüjümlerde 2 esger öldi. Başga-da 5 esger günortada we gündogarda gozgalaňçylar bilen çaknyşykda öldi.

Parlament saýlawlaryna Herat welaýatyndan kandidat Awdyl Manan şenbe güni gozgalaňçylar tarapyndan atyldy.

Düýn polisiýa saýlawlara kandidat Fawzýa Galaniniň we saýlaw kompaniýasynyň 5 agzasynyň jesedini tapdy. Olar 10 gün mundan ozal ogurlanypdy.
XS
SM
MD
LG