Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pakistana 1 milliard çemesi dollar nagt berler


Ýekşenbe güni Yslam konferensiýasy guramasynyň ýaýradan habaryna görä, musulman ýurtlar, guramalar we şahslar Pakistana 1 milliard çemesi nagt amerikan dollaryny we halas ediş kömeklerini bermäge söz berdiler.

57 agzaly guramanyň başlygy Ekmeleddin Insanoglynyň aýtmagyna görä, şol wadalar musulman döwletlerden, guramalardan, hökümete degişli däl toparlardan hem-de Saud Arabystandaky, Türkiýedäki, Kuweýtdäki, Birleşen arap emirliklerindäki we Katardaky başga gurluşlardan gowuşdy.

Insanogly näçeräk möçberdäki puluň garaşsyz guramalar arkaly Pakistanyň hökümetine beriljekdigi hakynda habar bermedi. Emma Pakistanyň premýer-ministri Gilani donor döwletleriň Pakistanyň hökümeti arkaly däl-de, daşary ýurtly resmi däl guramalar arkaly ýardam edýändigini tankytlady. Ol köp pul ýele sowrular diýdi.

Geçen aý Pakistanda güýçli ýagyn ýagmagy netijesinde bolan suw joşmalary 17 million çemesi adama zeper ýetirdi.
XS
SM
MD
LG