Sepleriň elýeterliligi

Medwedew tokaý goragçylaryny goraýar


Orsýetiň prezidenti D.Medwedew öz internet sahypasynda ýerleşdiren wideo çykyşynda, 26-njy awgust.

Orsýetiň prezidenti D.Medwedew öz internet sahypasynda ýerleşdiren wideo çykyşynda, 26-njy awgust.

Prezident Dmitriý Medwedew Moskwanyň etegindäki Himkiniň ýanyndaky tokaýyň üstünden geçýän asfalt ýoluň gurluşygyny duruzmaly diýen karara geldi.

D.Medwedew Orsýetiň hökümeti tarapyndan ozal tassyklanan bu gurluşygy dowam etdirmezden öň onuň taslamasyna gaýtadan has ünsli garamagy tabşyrdy. Bu meselede Medwedew Putiniň goldan kararyny şübhe astyna aldy.

Orsýetiň prezidenti D.Medwedew öz internet sahypasynda ýerleşdiren wideo çykyşynda ilatyň juda köp şikaýaty sebäpli şeýle karara gelendigini aýtdy.

“Men köp sanly ýüzlenmäni göz öňünde tutmak bilen şeýle karara geldim. Ýagny, men asfalt ýol gurmak baradaky karary hökümetiň ýatyrmagyny we jemgyýetçiligiň, eksperleriň goşmaça maslahatlar geçirmegini tabşyrýaryn” diýip, Medwedew aýtdy.

Şol gara ýoluň gurulmagyna garşy nägileliklere Orsýetiň tebigaty goramak boýunça toparlary başladylar. Olar Moskwanyň golaýyndaky tokaýy goramak ugrunda elde baryny etdiler.

D.Medwedewiň bu görkezmesi haçanda Orsýeti dolandyrýan partiýa 8 milliard amerikan dollaryna barabar bahaly ýol-gurluşyk taslamasyny maslahat edip başlandan birnäçe sagat soňra yglan edildi.

Partiýa D.Medwedewi şol plana dykgatly seretmäge çagyrdy. “Bütewi Orsýet” partiýasynyň gelen karary barada onuň ýokary derejeli resmisi Weçýaslaw Wolodin metbugat konferensiýasynda yglan etdi.

“Bütewi Orsýet partiýasynda käbirleri şol ýoly gurmalydygyna ynanýarlar. Emma käbirleri-de tebigata ýetjek zyýany göz öňünde tutmak bilen ol taslama täzeden garamagy zerur hasaplaýarlar. Netijede biz ýagdaýlara obýektiw baha berilmegi üçin prezidente ýuzlenmegi dogry hasapladyk” diýip, Wolodin aýtdy.

Syýasatçylary birikdiren tokaý

Prezident Medwedewiň sözlerine görä, ol bu meseledäki aladalaryň syýasy bähbitlerden ýokarda durýandygyny göz öňünde tutdy. “Biziň “Bütewi Orsýet” partiýasyndaky adamlarymyzdan başlap, birleşen oppozisiýa toparlarynyň wekilleri we ekspertler bu kararyň goşmaça analizi talap edýändigini aýdýarlar” diýip, Medwedew sözüne goşdy.

Tebigaty goraýjy aktiwistler prezident Medwedewiň kararyna gowy baha berdiler. “Bu biziň ýeňşimiz. Eger biz şol ýoluň gurluşygyna garşy göreşmedik bolsak, onda şeýle karar hiç wagt kabul edilmezdi” diýip, tebigaty goramak boyunça hökümete degişli bolmadyk guramalaryň bileleşiginiň wekili Andreý Morgulýow “Associated Press” habar agentligine aýtdy.

Himki şäherindäki tokaýy goramak boýunça köp ýyllap alada edýän hereketiň başlygy Ýewgeniýa Çerikowanyň “Interfaksa” aýtmagyna görä, Medwedewiň karary “örän gowy”.

Şol hereketiň agzasy Ýaroslaw Nikitenko bu karar aktiwistleri “juda şatlandyrdy” diýip Azatlyk we Azat Ýewropa Radiosyna aýtdy. Emma ol munuň syýasy beýanat bolmajakdygyna umyt etdi. “Men munuň diňe syýasy beýanat bolmajakdygyna we onuň tokaýyň saklanyp galmagy üçin asfalt ýol gurmak baradaky taslama täzeden garalmagyna getirjekdigine umyt edýärin” diýip, Nikitenko belledi.

Agzalýan asfalt ýol bilen bagly taslama Kremli hem regional häkimiýetleri Moskwanyň häkimi Ýuriý Lužkowa garşy goýdy. Çünki Lužkow bu taslamany goldamady.
XS
SM
MD
LG