Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ-nyň ykdysadyýetiniň ösüşi nähili?


Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Merkezi bankynyň başlygy amerikan ykdysadyýetiniň, garaşylyşy ýaly, çalt ilerlemeýänligini aýtdy. Ýöne Ben Bernankäniň aýtmagyna görä, ýagdaý ýaramazlaşan halatynda Merkezi bank ykdysady ösüşiň ýola düşmegine kömek bermäge taýýar.

Bernankäniň anna güni dünýäniň merkezi banklarynyň başlyklarynyň maslahatynda eden çykyşyndan öň goýberilen maglumatlar Birleşen Ştatlaryň ykdysady ösüşiniň ep-esli aşaklandygyny görkezýär. Amerikan ykdysydyýeti aprel, maý we iýun aýlarynda 1,6 prosent ösdi. Bu, köp ykdysadyýetçileriň öňünden aýdyşy ýaly, 1,4 prosent däl, ýöne hökümetiň garaşan 2,4 prosenti-de däl.

Bu ýerde bir uly aşaklama bar. Ösüş üstümizdäki ýylyň birinji kwartalynda 3,7 prosent, 2009-njy ýylyň dördünji kwartalynda hem 5 prosent bolupdy. Ykdysadyýetiň beýle haýallamagy Ak Tam we prezident Barak Obama üçin gowy habar däl. Sebäbi öňümizdäki noýabr aýynda Kongres saýlawlary bar.

Pikir soralyşyklar

Ykdysadyýetiň peselmegi bilen Obamanyň bu problemany çözmek başarnygyna bolan ynam hem peselýär. Ýaňy “CBS News” tarapyndan geçirilen pikir soralyşygyň görkezişine görä, prezidentiň işinden razy amerikanlar ilatyň ýarpysy-da däl, diňe 48 prosenti. 44 prosent hem onuň işinden bütinleý närazy.

Birleşen Ştatlarda işsizligiň derejesi häzir 9,6 prosent. Ykdysadyýetçiler, kompaniýalar bu ýaramaz habarlara reaksiýa görkezip, adamlary işe almagy goýar, şeýdip işsizlik mundan hem artar diýip, howatyr edýärler.

“Reuters” habar agentliginiň pikir soralyşygyna görä-de üçünji kwartalda ykdysady ösüş barada ykdysadyýetçileriň arasynda çuň umytsyzlyk höküm sürýär. Pikiri soralanlaryň 25 prosenti amerikan ykdysadyýetiniň aşaklap, ýene durgunlyga düşmeginden gorkýar.

Oňaýly reaksiýa görkezildi

ABŞ-nyň Merkezi bankynyň başlygy eden çykyşynda bu gorkyny ulaltmazlyga synanyşyp, ykdysadyýetiň ýene bir krizise uçramak howpy baradaky çaklamany aradan aýyrmaga synanyşdy. Ol: “Durgunlykdan çykmaga ilkinji nobatda itergi beren ykdysadyýeti ýola salmak üçin görlen maliýe çäreleri boldy. Ýöne indi sarp edijileriň arasynda harytlara bolan talap barha artýar” diýdi.

Merkezi bankyň ara goşulyp, dünýäniň iň uly ykdysayýetiniň ýola düşmegine kömek etmek mümkinçiligi baradaky habara dünýä bazarlary oňaýly reaksiýa görkezdiler.

Bu aralykda Orsýet bilen Germaniýa global maliýe bazarlaryny reformirlemek baradaky tagallalarda özleriniň hyzmatdaşlyk etjekdiklerini bildirdiler. Germaniýanyň maliýe ministri Wofgang Şoýble G-20 toparyny geljek noýabrda Günorta Koreýada geçjek maslagatda bu ugurda anyk netijelere gelmeklige çagyrdy.
XS
SM
MD
LG