Sepleriň elýeterliligi

Azerbaýjanda suw daşamak – aýallaryň işi


Postsowet giňişliginde Azerbaýjanyň iň çalt depginde ösýan ykdysadyýetli ýurtlaryň biridigine garamazdan, käbir oba ýerlerinde suw, gaz üpjünçiligi ýola goýulmadyk. Ýaramaz ýaşaýyş şertleri bolsa esasan aýallaryň gerdenine agyr ýuk bolup düşýär.

Merkezi Azerbaýjanyň Selebiler obasynda ýaşaýan zenanlaryň durmuşy daň atandan tä gün ýaşynça agyr iş bilen güzeran görmekden ybarat. Bu barada Azatlyk Radiosynyň Azerbaýjan gullugyna obanyň bir zenany şeýle gürrüň berýär: “Irden biz ekin ýerlerinde işleýäris. Soňra bedrelerimizi alyp, uzak ýerde ýerleşýän çeşmelerden suw alyp, öýmüze getirýäris. Öýde bolsa kirlerimizi el bilen ýuwýarys. Bu adamy gynamakdyr”.

Beýleki zenan dynç almak barada pikir hem etmeýandiklerini gürrüň berip, “Bu ýerde ne suw bar, ne-de gaz. Biziň görýän günümiz gün däl” diýip zeýrendi.

Selebiler obasynyň ýene bir ýaşaýjysy öz çagalaryny çagalar bagyna bermäge höwes edýändiklerini, emma obalarynda çagalar bagynyň düýpden ýokdugyny aýtdy. Ýene bir zenan özleriniň ir sagat 6-7-lerde turup, işe başlamaly bolýandyklaryny, gije sagat 9-a çenli işleriniň gutarmaýandygyny gürrüň berdi.

Azerbaýjanyň Selebiler obasynda bolşy ýaly, beýleki obalarda hem aýallar diňe maşgala ojagyny saklap, çagalaryny ösdürip ýetişdirmek bilen meşgul bolman, erkekler bilen deň durup, ekin meýdanlarynda-da işlemeli bolýarlar.

Uzak ýerde ýerleşýän çeşmeden agyr-agyr bedreli suw daşamak hem aýallaryň paýyna düşýär. Erkek kişiler bolsa köplenç ýygnanyşyp, ýa çaý içmek bilen meşgullanýarlar ýa-da domino oýnaýarlar.

Aýallaryna gizlenip kömek edýärler

“Aýallara agyr bedreleri götermäge näme üçin ýardam bermeýärsiňiz?” diýen sowala erkek kişileriň biri: “Suw daşamak aýallaryň işi, biziň obamyzda suw daşaýan erkegi kemsidýärler” diýip, jogap berdi.

Ýöne käbir erkek kişiler garaňky düşende, hiç kim görmeýän wagty suw daşap, aýallaryna kömek edýändiklerini boýun aldylar.

Azerbaýjan postsowet giňişliginde iň çalt ösýän ykdysadyýetli ýurt hasaplanýar. Bu ýurduň walýuta rezerwlerinde 20 milliard dollara barabar serişdäniň bardygy aýdylýar.

Ýurduň prezidenti Ilham Aliýew ykdysadyýetiň dürlileşdirilmeginiň zerurdygyny aýdyp, bu serişdeleri suw we gaz üpjünçiligi ýola goýulmadyk regionlarda ilatyň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirmelidigini aýtdy.

Azerbaýjanyň käbir obalarynda henize çenli-de jaýlar odun bilen ýyladylýar. Şeýle obalaryň ýaşaýjylary “Şäherde bir sagatda edilýän işlere biziň üç günümiz gidýär” diýip zeýrenýärler.

Prezidentiň gyzlary suw daşamaýar

Kanun boýunça Azerbaýjanda aýallaryň erkekler bilen deňhukuklydyklaryna garamazdan, aýallaryň köpüsine hatda şäherlerde-de ähmiýetli wezipeleri eýelemek başartmaýar.

Ýurtdaky iň täsirli aýallaryň biri Ilham Aliýewiň aýaly Mehriban Aliýewa hasaplanýar. Häzir azerbaýjan parlamentiniň deputaty Mehriban 2013-nji ýylda adamsynyň prezidentlik möhleti gutaransoň, bu wezipä dalaş etmäge taýýarlyk görýär.

Prezidentiň 20 ýaşlaryndaky gyzlary Arzu bilen Leýla 75 million dollara barabar emlägiň hem biznesiň eýesi bolup, bu baýlygyň hözürini görýärler. Emma bu zenanlaryň durmuşy Selebiler obasynda ýaşaýan aýallar üçin ýetip bolmajak arzuw bolup görünýar. Sebäbi bu zenanlaryň aýtmaklaryna görä, gündelik işler zerarly olarda hatda ýerli häkimiýetdäki orunlara dalaş etmäge-de güýç-kuwwat galmaýar.

Ýerli ýaşaýjylaryň biri Şukufa Jabrailowa bu barada şeýle diýýär: “Öý-içeri bilen bagly işler şeýle bir ýadadýar welin, başga hiç zada wagtyň galmaýar. Elbetde, biz başga işler bilen hem meşgullanasymyz gelýär, mysal üçin, ýerli häkimiýetlere geçirilýän saýlawlara gatnaşmaga höwes edýäris”.

Aýallaryň öz günäsi nämede?

Azerbaýjanyň graždan aktiwistleri Selebiler ýaly obalardaky kynçylyklara belet. Şonuň üçin ýerli hökümete degişli däl guramalar oba ýerleriniň durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen birnäçe programmany işläp düzdüler.

Emma ýerli aktiwistleriň biri Laman Babaýewa zenanlaryň obalardaky dürli kynçylyklary çözmäge gönükdirilen bu proýektlere gatnaşmaga kän höwes bildirmeýändiklerini, netijede olary 3-4 aýdan soň ýapmaly bolýandyklaryny aýdýar.

Azerbaýjanyň oba ýerlerinde bilim meselesi hem uly problemalaryň biri bolup durýar. Oba ýerlerinde kadaly işleýän mekdepleriň sany az. Şeýle hem oba ýerlerinde köp halatda gyzlaryň wagtyndan öň okuwy taşlaýandyklary kynçylyk döredýär. Okuwy taşlan gyzlar köplenç durmuşa çykyp, işläp başlaýarlar.

Güzeranyny görmek bilen başagaý bolan ene-atalar bolsa çagalarynyň okuwy dowam etdirmägi üçin goldaw bermegi başarmaýarlar.
XS
SM
MD
LG