Sepleriň elýeterliligi

Aşgabat - täze regional oýunçymy?


Narodetski: "Türkmen tarapy Owganystan meselesinde möhüm araçy bolmaga taýýardygyny eýýäm iş ýüzünde görkezip ugrady".

Narodetski: "Türkmen tarapy Owganystan meselesinde möhüm araçy bolmaga taýýardygyny eýýäm iş ýüzünde görkezip ugrady".

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň komandasy, dogrusyny aýtmaly, BMG-niň Baş assambleýasynyň sessiýasyna ýokary derejede aktiw taýýarlyk görýär.

Prezidentiň sessiýada münbere çykyp etjek çykyşynda owgan problemasynyň esasy orny eýelejekdigi eýýämden göze ilýär. Bu meseläniň şu günki gün dünýä syýasatynda iň kyn meseleleriň biridigine gaty gowy düşünip, Türkmenistany şol problemany çözmekde real merkezleriň biri hökmünde teklip edip, G.Berdimuhamedow ony ulanmaga ýykgyn edýär.

Türkmen tarapy Owganystan meselesinde möhüm araçy bolmaga taýýardygyny eýýäm iş ýüzünde görkezip ugrady. Hökümet Owganystana we Pakistana ilkinji tapgyr gumanitar ýardamy gurnady. Aşgabadyň teklibi ozaly bilen gürrüňsiz Birleşen Ştatlary we NATO agza ýurtlary gyzyklandyryp biler. Bu bolsa Türkmenistany Waşington we Günbataryň beýleki paýtagtlary bilen ýakynlaşdyrar diýmäge esas berýär.

Has berk pozisiýa

Bu tendensiýa postsowet giňişliginde öz täsiriniň azalmagyna gaty gabanjaňlyk bilen garaýan Moskwany üýşendirip biler. Gyrgyzystanyň öňki prezidenti Kurmanbek Bakyýewiň amerikanlar bilen eden oýny onuň ykbalynda ýaramaz rol oýnapdy.

Prezident G.Berdimuhamedow (sagda) orsýetli kärdeşi D.Medwedew bilen Türkmenbaşy şäherinde duşuşýar, 13-nji sentýabr 2009-njy ýyl.
K.Bakyýew Manasdaky amerikan bazasyny ýapmaga Moskwa söz beripdi we iki milliard dollar möçberinde kömek alypdy. Ýöne bazany ýapmakdan ýüz öwrüp, Bakyýew sözünde tapylmady. Şu ýylyň aprelinde Bişkekde gozgalaň başlananda, Kreml gozgalaňçylary goldapdy. Netijede, Bakyýew häkimiýetden taýdyryldy. Ýurduň Orsýete güýçli garaşlylygy özüni açyk görkezdi.

Şunuň bilen bagly Türkmenistany deňeşdirsek, onuň pozisiýasy şu günki gün has berk görünýär. Ol ozaly bilen Hytaý, Eýran ýaly kuwwatly strategik hyzmatdaşlar edinendigi bilen bagly.

Moskwanyň türkmen gazyna bolan monopoliýasy jaýlandy, gabra salyndy. Indi Aşgabat gaz satmakda Moskwa juda az garaşly. Ondan hem başga wakalaryň häzirki ösüşi ýakyn wagtlarda Türkmenistanyň ykdysady taýdan Orsýetsiz özüni oňarjakdygyny görkezýär.

Dogrusy, Moskwa bilen aşa dartgynlylygyň ters netijeler bermeginiň mümkindigine G.Berdimuhamedow düşünmän duran däldir. Şonuň üçin hem Orsýet bilen aradaky köprüleri otlajak, ýumurjak bolanok. Tersine, ors-türkmen gatnaşyklaryny kadaly ýagdaýda saklaýan howandaryň roluny oýnaýar. Şoňa görä Aşgabat biraz arkaýynlaşyp biler. Indi türkmen ýolbaşçylaryna Orsýeti ýeke-täk hyzmatdaş hasap etmäge zerurlyk ýok.

Täze başlangyçlar

Ondan hem başga G.Berdimuhamedow ykdysady, syýasy garaşsyzlykda gazanylanlar bilen çäklenip oturman, täze proýektleri öňe sürüp,
Hindistanyň prezidenti Pratibha Patil (çepde) türkmen kärdeşi Gurbanguly Berdimuhamedow bilen duşuşýar. Nýu Deli, 25-nji maý 2010-njy ýyl.
şol gazanylanlary berkitmäge çalyşýar. Şu nukdaýnazardan pozisiýasyny pugtalandyrmaga ýene bir mysal - türkmen ýolbaşçylarynyň Merkezi Aziýa we Hazar basseýni ýurtlary üçin BMG-niň ekologik merkezini Aşgabatda açmak baradaky teklibidir.

Aşgabadyň regionda ýene bir güýçli hyzmatdaş – Hindistan bilen ýakynlaşmak pikiri hakyky häsiýete eýe bolup barýar. Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz turbasyny çekmek ideýasy ýakyn wagtlara çenli gury hyýal bolup galýardy. Onuň esasy sebäbi howpsuzlyk meselesidi. Şu gün bu ideýa ýene-de türkmen tarapynyň aladasy, tagallasy bilen hakykatdan-da amala aşmaga tarap çalt ädimler bilen hereket edýär.

Aşgabadyň uly derejede garaşsyzlygyny üpjün etmek ugrundaky tagallalary ony regionda-da, BMG-niň derejesinde dünýäde-de çözüji syýasy-ykdysady oýunçylaryň birine öwürýär. Bu bolsa ýurda köp ýyllar bäri dowam edýän daşary dünýäden üzňeligi böwsüp geçmäge ýardam eder. Ýöne haçan?

Aleksandr Narodetski postsowet döwletleri boýunça britaniýaly bilermen. Bu kommentariýada öňe sürlen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG