Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

BMG Aşgabadyň başlangyçlaryny goldaýar


Türkmenistanyň BMG-niň daşky gurşawy goramak boýunça programmasynyň Merkezi Aziýa we Hazar regiony üçin merkezini açmak başlangyjyny goldanýanlygyny BMG-niň koordinatory Lenni Montiel “Neýtralnyý Turkmenistan” gazetine beren interwýusynda aýtdy.

BMG-niň Türkmenistandaky koordinatory Lenni Montiel “Neýtralnyý Turkmenistan” gazetine beren intewýusynda häzirki wagtda BMG-niň proýektlerini dolandyrmak boýunça edaranyň açylmagyna degişli konsultasiýalaryň alnyp barylýanlygyny mälim etdi.

Türkmenistan BMG-niň daşky gurşawy goramak boýunça programmasynyň Merkezi Aziýa we Hazar regiony üçin merkezini açmak inisiatiwasyny öňe sürýär. Türkmenistanyň BMG-niň Baş assambleýasynyň 65-nji sessiýasynda mälim etjek pozisiýalaryna görä, BMG-niň regional merkeziniň Aşgabatda açylmagy üçin Türkmenistan ähli şertleri üpjün edip biler.

Lenni Montiel BMG-niň Türkmenistandaky koordinatory hökmünde ýurduň bu ugurdaky inisiatiwasyny doly goldaýanlygyny bildirdi.

Türkmenistan daşky gurşawy goramak boýunça aktiw iş alyp barýanlygyny resmi derejede yglan edýär, halkara jemgyýetçiligi bilen hymatdşalygynyň ähmiýetini nygtaýar. Ekologiýa meseleleriniň ähmiýeti ýokary derejeli duşuşyklarda agzalýar. Emma ýurduň ekologiýa degişli problemalary resmi derejede agzalmaýar. Ýerli habar beriş serişdelerinde hem gozgalmaýar.

Nähili kynçylyklar bar?

Türkmenistanyň hökümetiniň oba hojalygy boýunça öňki geňeşçisi Wladimir Ýerofeýewiň sözlerine görä, ýerleriň ýyllar boýy nädogry ulanylmagy zerarly topragyň şorlamagy, Aral deňziniň ýetirýän täsiri, Amyderýanyň suwunyň azalmagy we topragy hem howany kükürt şorlugy bilen zäherleýän Mary GRES-niň kükürtli gazy problemalaryň käbiri bolup durýar.

Wladimir Ýerofeýew problemalar we olaryň çözgüdi barada Türkmenistanyň resmi maglumat bermäýänligi sebäpli, ýurduň ekologiýa ugrundan yglan edýän ädimleriniň netijeliligine baha bermegiň kyndygyny belledi.

2009-nji ýylda Türkmenistanda emeli köl işe girizildi. Gidrotehniki obýekt bolan Türkmen kölüniň gurluşygy 2000-nji ýylda başlanyp, onuň oba hojalygy we ýurduň suw resurlarynyň tygşatlanmagy hem ekologiýanyň goralmagy üçin ähmiýeti resmi derejede öňe sürlüpdi. Emma proýektiň ekologiýa ýetirýän täsirini anyklamak boýunça garaşsyz derňewler geçirilmedi.

Halkara hyzmatdaşlyk

Türkmenistan öňe sürýän halkara inisiatiwalary bilen birlikde BMG-niň agza döwletleri bilen ekologiýa bagly ähli problemalar we, hususan-da, howanyň üýtgemegine degişli meseleler boýunça hyzmatdaşlygyny ösdürmekçi. Türkmenistan 2012-nji ýylda Aziýa-Ýuwaş okean regionynyň döwletleriniň daşky gurşawy goramak boýunça ministrleriniň howanyň global maýlamagy baradaky konferensiýasyny geçirmegi planlaşdyrýar.

Türkmenistanyň BMG bilen hyzmatdaşlygyny giňeltmegi ýurt üçin bähbitli diýip, Türkmenistanyň öňki diplomaty Nurmuhammet Hanamow belleýär. Ol halkara synçylarynyň has köp barmagy bilen ýurduň hakyky ýagdaýynyň dünýä mälim boljakdygyny çak edýär.

Türkmenistan şeýle-de BMG-niň Baş komissarlygynyň bosgunlar boýunça edarasynyň ýerine ýetiriji komitetine we BMG-niň Ykdysady we sosial geňeşine öz kandidaturasyny teklip edýär. Türkmenistanyň inisiatiwalary BMG-niň Baş assambleýasynyň 14-nji sentýbrda Nýu Ýorkda açylýan 65-nji sessiýasynda ýurduň ileri tutýan pozisiýalarynyň çäginde öňe sürler.

BMG-niň Türkmenistandaky koordinatory Lenni Montieliň sözlerine görä, Türkmenistanyň inisiatiwalary boýunça meseläniň çözgüdi BMG-ä agza döwletleriň arasyndaky gepleşiklere bagly bolar.

Başlangyçlaryň maksady

Türkmenistanyň inisiatiwalarynyň esasy maksady BMG-niň halkara hyzmatdaşlygyna, şeýle-de dünýä ýurtlarynyň we regionlarynyň durnukly ösüşe we halklaryň durmuşyny ýokarlandyrmak proseslerine ysnyşykly aralaşmaklaryna maksimal derejede ýardam bermäge gönükdirilýär. Bu wezipeler Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Ilçihanasynyň internet saýtynda çap edildi we olar ýurduň ileri tutýan pozisiýalarynyň mazmunyna laýyk gelýär.

Wladimir Ýerofeýew Türkmenistanyň BMG bilen hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça edýän tagallalaryny türkmen ýolbaşçylarynyň halkara derejesinde öz abraýyny galdyrmak maksady bilen baglanyşdyrýar.

Nurmuhammet Hanamowyň pikirine görä, Türkmenistan BMG bilen hyzmatdaşlygyny ekologiýadan başga ugurlardan hem ösdürse, munuň ähmiýeti uly bolardy. “Ynsan haklary bolsun, döwletiň demokratiýa taýdan ösüşi bolsun, bu meselelerde Türkmenistanyň dili kelte. Näme üçin ynsan haklaryny goramak barada, demokratik saýlawlar barada ýa ýurtda kanunyň işleýşi barada meseleler orta atylanok?” diýip, N.Hanamow belledi.

2007-nji ýylda Türkmenistanyň inisiatiwasy bilen Aşgabatda BMG-niň Merkezi Aziýa boýunça prewentiw diplomatiýa merkezi hem açylypdy.
XS
SM
MD
LG