Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Putiniň indiki prezidentlik saýlawlaryna gatnaşmagy mümkin


Orsýetiň premýer-ministri Wladimir Putin ýurtda rugsatsyz geçirilýän demonstrasiýalaryň mundan beýläk hem basylyp ýatyryljakdygyny aýtdy.

W.Putin “Kommersant” gazetine beren interwýusynda "häkimiýetlerden degişli rugsady almadyk adamyň kellesine rezin taýak bilen uruljakdygyny" duýdurdy.

Şeýle hem bu söhbetdeşlikde W.Putin 2012-nji ýylda geçiriljek prezidentlik saýlawlaryna özüniň gatnaşmagynyň mümkindigini gytaklaýyn aýtdy.

Häzir Orsýetiň premýer-ministri wezipesini eýeleýän W.Putin 2000-2008-nji ýyllar aralygynda ýurda prezidentlik etdi.

Orsýetiň Konstitusiýasy boýunça W.Putin prezidentligiň 3-nji möhletine dalaş edip bilmeýärdi. Emma Putin 2012-nji ýylda geçiriljek saýlawlara gatnaşyp, geljekki 6 ýyllyk prezidentlige dalaş etmäge hakly.
XS
SM
MD
LG