Sepleriň elýeterliligi

Gyrgyzystan: 14 partiýa saýlawlara gatnaşmak isleýär


Gyrgyzystanyň Merkezi saýlaw komissiýasynyň beren maglumatlarynda şu çaka çenli ýurtda planlaşdyrylýan parlament saýlawlaryna 14 syýasy partiýanyň gatnaşmaga isleg bildirendigi aýdylýar.

30-njy awgustda saýlawlara gatnaşmagy planlaşdyrýan partiýalaryň arzalaryny kabul etmek möhleti tamamlandy. Saýlawlaryň öňýanyndaky kampaniýa 10-njy sentýabrda başlanmaly.

Gyrgyzystanyň täze Konstitusiýasyna laýyklykda, 10-njy oktýabrda geçirilmeli saýlawlarda ýeňiş gazanan partiýalar ýurdy dolandyrýan koalisiýany düzmek hukugyna eýe bolarlar.
XS
SM
MD
LG