Sepleriň elýeterliligi

Amsterdamyň aeroportunda iki adam tussag edildi


Gollandiýanyň aeroportunda iki adam tussag edildi. ABŞ-nyň uçar meýdanyndaky yörite tele-ekranda olaryň biriniň el goşunda “şübheli zatlaryň” bardygy anyklandy.

Amerikaly resmiler olaryň howply ýa-da gadagan zatlar däldigini aýtdylar. Emma şol adamyň uçar meýdandaky howpsuzlyk synagyndan geçendigine resmiler şübhelenýärler.

Olar duşenbe güni Çikagodan Amsterdama gelende tussag edildiler. Muny Gollandiýanyň häkimiýetlerinden ABŞ haýyş etdi.

Resmiler şübheli zatlar bolan el goşunyň Ahmed Muhammad Nasser al-Soofiýe degişlidigine ynanýarlar. Tussag edilen ikinji adamyň adynyň Hezem al-Murisidigi aýdyldy.

Resmiler derňew işiniň dowam edýändigini aýdýarlar.
XS
SM
MD
LG