Sepleriň elýeterliligi

Merkel metbugat azatlygy boýunça Ýanukowiçe basyş etdi


Duşenbe güni Germaniýanyň kansleri Angela Merkel öz ýurduna sapar edýän Ukrainanyň prezidenti Wiktor Ýanukowiçe Ukrainadaky metbugat azatlygy bilen bagly basyş etdi.

Kansler A.Merkeliň Berlinde žurnalistlere aýtmagyna görä, ol NATO-nyň Ukraina baradaky pozisiýasyny prezident W.Ýanukowiçe ýetirdi.

“Men NATO bilen hyzmatdaşlyk barada Ukrainanyň pozisiýasyny kabul edýändigimizi aýan etdim. NATO agzalygy häzir gün tertibinde durmaýar. Emma hyzmatdaşlyk üçin mümkinçilik bolmaly. NATO özüni bitarap hasaplaýan ýurtlar bilen hyzmatdaşlyk barada täze düzgünleri kabul edenden soň biz jebis gatnaşykda bolarys ”diýip, kansler A.Merkel aýtdy.

Mundan ozal Angela Merkel metbugat we pikir azatlygy barada Günbataryň anyk sowallarynyň bardygyny prezident W.Ýanukowiçe aýtdy.

Fewral aýynda W.Ýanukowiç prezident bolandan soň Ukrainada senzuranyň ösendiginden we žurnalistlere hüjümiň artandygynan adam hukuklary boýunça halkara guramalar biynjalyk bolýarlar.

Pariždäki “Serhetsiz reportýorlar” guramasy kansler A.Merkele hat ýollap, W.Ýanukowiç bilen duşuşykda şu meseläni gozgamagy sorady.

Ýerli habar gulluklar A.Merkeliň we W.Ýanukowiçiň energiýa, ykdysady hyzmatdaşlyk barada hem gepleşik geçirjekdigini bildirdiler.

Iki ýurduň hukuk goraýjy edaralarynyň özara hyzmatdaşlyk baradaky ylalaşyga gol goýmagy mümkin.
XS
SM
MD
LG