Sepleriň elýeterliligi

Maliki: “Yrak bu gün özbaşdak we garaşsyz”


Premýer-ministr Nury al-Maliki Birleşen Ştatlaryň Yrakdaky soweş operasiýalarynyň soňlanmagy bilen Yrak garaşsyzlygyny gazandy diýýär.

«Yrak bu gün özbaşdak we garaşsyz, ol indi öz şu gününi we geljegini özi kesgitleýän ýurt. Bu gün, 31-nji awgust yraklylaryň ählisi üçin hemişe möhüm gün bolar» diýip, Maliki aýtdy.

Ol özüniň telewizorda berlen ýüzlenmesinde ýurduň howpsuzlyk güýçleriniň Yrakdaky howpsuzlyk işleriniň jogapkärçiligini doly öz boýnuna almaga ukyplydygyny aýtdy.

Söweş operasiýalarynyň formal taýdan soňlanandygyna garamazdan, Birleşen Ştatalar Yrakda agyr ýaraglanan 50 müň çemesi esgerini saklap galýar. Ol esgerler yrak esgerlerine tälim bermek, gurluşyk işlerine kömekleşmek bilen meşgul bolar we zerur bolsa Yragyň howpsuzlyk güýçlerine ýardam berer.

Ýöne Amerikanyň galan esgerleri hem 2011-nji ýylyň aýagyna bu ýurdy terk etmeli.

Birleşen Ştatlaryň wise-prezidenti Jo Baýden şu gün söweş operasiýalarynyň soňlanmagyny bellemek üçin Bagdada geldi.
XS
SM
MD
LG