Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kongresmen Karzaý bilen duşuşykdan lapykeç


Birleşen Ştatlaryň Demokratik partiýasynyň kongresmeni Owganystandan dolanyp gelip, owgan prezidenti Hamid Karzaýyň korrupsiýa garşy göreşde başarnyksyzlygyny tankyt etdi.

Rik Larsen Karzaýyň Birleşen Ştatalar geljek ýylyň iýulynda Owganystandaky goşunlaryny çykaryp başlandan soň, bu ýurduň al-Kaýdanyň mesgenine öwrülmezligi üçin hem köp iş etmelidigini nygtady.

Wekiller öýüniň Ýaragly gulluklar komitetiniň agzasy bolan Larsen geçen hepde Kabulda Karzaý bilen duşuşan dört amerikan kogresmeniniň biridir.

Rik Larsen duşenbe güni Assoşeýted Prese Karzaýyň öz ýurdunyň problemalary babatda özünden başga hemmeleri günälemesinden lapykeç bolandygyny aýtdy.
XS
SM
MD
LG