Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýran medisina reaktory üçin ýadro ýangyjyny öndürýär


Eýranyň wise-prezidenti we Atom energiýasy gullugynyň başlygy öz ýurdunyň Tährandaky medisina maksatly reaktory işletmek üçin bir ýyl içinde ýadro ýangyjyny öndürmegi planlaşdyrýandygyny aýdýar.

Yslam respublikasynyň döwlet eýeçiligindäki habar gullugy Ali Akbar Salehiniň Eýranyň Tähran reaktory üçin 20 prosent derejesindäki tämizlikde uran öndürýändigi baradaky sözlerini ile ýetirdi.

Salehi şu wagta çenli 20 prosent derejeli tämizlikde 25 kg uranyň öndürilendigini aýtdy.

Birleşen Ştatlar we onuň ýaranlary uran baýlaşdyrmagy togtatmanlygy üçin Eýrana garşy bir topar sanksiýa girizdi.

Ýokary derejede baýlaşdyrylan uran ýadro ýaraglarynyň önümiçiligine tarap ugrukdyrylyp bilinjek.

Ýadro ýaragyny edinmek niýetiniň ýokdugyny aýdýan Eýran awgustyň başynda Buşehriň golaýynda ilkinji atom elektrik stansiýasyny açdy.
XS
SM
MD
LG