Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Türkmenistan işçi haklary boýunça iň erbet 14 ýurduň biri boldy


“Freedom House” guramasynyň täze hasabaty dünýäniň köp böleginde işçileriň haklarynyň we profsoýuz guramalarynyň azatlygynyň ýaramaz ýagdaýdadygyny, awtoritar režimleriň kontrol etmegiň gitdigiçe ýeserleşýän usullaryny ulanýandygyny aýdýar.

Täze hasabatda ýurtlar işçileriň hukuklary we profsoýuzlaryň azatlygy boýunça «azat», «umuman azat», «bölekleýin azat», «repressiw» we «örän repressiw» diýen böleklere bölünýär.

Hasabatda 14 ýurda «örän repressiw» diýen baha berlip, olara öňki sowet respublikalaryndan Belarus, Türkmenistan we Özbegistan girizilipdir.
XS
SM
MD
LG