Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pensiýa üpjünçiligi we reformalar


Türkmenistanda pensiýa üpjünçiligi ilatyň sosial durmuşynda aýratyn we möhüm orun tutýar.

Türkmenistanly synçylaryň sözlerine görä, şu günki gün garrylyk ýaşyna ýeten adamlaryň pensiýasynyň tutuş maşgalalar üçin ýeke-täk girdeji çeşmesi bolup durýan halatlary seýrek däl.

Türkmen resmi metbugatyna görä, ýurtda alnyp barylýan pensiýa reformasynyň çäginde iýul aýynda Türkmenistanda Pensiýa fondy döredildi we öňünden tygşytlamak boýunça pensiýa düzgüni girizildi.

Eýsem, ýurtdaky pensiýa üpjünçiliginiň yagdaýyna pensionerler nähili garaýar? Bu barada Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky habarçysy Soltan Açylowa ýerli pensioner zenan bilen söhbetdeş boldy.

Söhbetdeşligi diňlemek üçin sag tarapdaky audio düwmäni basyň.
XS
SM
MD
LG