Sepleriň elýeterliligi

Çili magdançylary halas etmäge synanyşýar


5-nji awgustda San Hose şahtasynda awariýa bolup, 33 magdançy ýer astyndaky şahtada daşky dünýäden üzňelikde galdy.

5-nji awgustda San Hose şahtasynda awariýa bolup, 33 magdançy ýer astyndaky şahtada daşky dünýäden üzňelikde galdy.

Çiliniň häkimiýetleri 5-nji awgustdan bäri ýeriň astynda, magdan käninde oturan 33 magdançyny halas etmek işini tizleşdirmäge çalyşýarlar. Olary halas etjek ötügi gazmak üç-dört aýa çeker diýip, Çiliniň resmileri çaklaýarlar.

Altyn hem kümüş gazylyp alynýan kände, 700 metr çuňlukdaky şahtada galyp, üstleri gömlen magdançylaryň diridigi geçen hepde anyklandy.

Ýeriň aşagynda galýan magdançylaryň käbiriniň saglyk ýagdaýy kadaly bolsa, beýlekileri depressiýa uçrana meňzeýär. 30-njy awgustda magdançylar ilkinji gezek öz ýakyn garyndaşlary bilen telefon arkaly gürleşmek mümkünçiligine eýe boldular.

Depressiýanyň alamatlary

Çiliniň Saglyk ministri Jaime Manalihi, magdançylaryň düşüren wideoýazgysyndan çen tutup, olaryň iň bärkisi bäşisinde depressiýanyň alamatlarynyň bardygyny aýdýar: “Olar üzňe saklanýarlar, wideoýazga köp düşesleri gelmeýär, olaryň işdäsiniň ýokdugy görünýär. Olarda depressiýa başlanýar diýsem, ýalňyşmaryn”.

Depressiýanyň alamatlary bolan adamlar bilen psihiatrlaryň işleşjekdigini ol sözüne goşdy. Jenap Manalihiň aýtmagyna görä, diňe geçen hepdede diridikleri anyklanan magdançylar iki hepdäniň dowamynda bar bolan azyk gorlaryny tygşytly ulanyp, agramlaryndan köp ýitirdiler. Jenap Manalihi olaryň käbirlerinde henize çenli teşneligiň (degidrasiýanyň) alamatynyň saklanýandygyny belledi.

Häzirki düşen kyn ýagdaýlaryna garamazdan, magdançylar ruhybelentligi saklamaga synanýarlar. Muňa olaryň özleriniň düşüren wideoýazgysy şaýatlyk edýär. Şol wideoýazgyda magdançylar Çiliniň milli gimnini aýdyp, “Çili uzak ýaşasyn, magdançylar uzak ýaşasyn” diýýärler.

Magdançylaryň biri öz ýatýan ýerlerini, aşhanalaryny, domino oýnap, doga okaýan ýerlerini wideo düşürip, bizde hemme zat düzgünleşdirilen diýip öwündi.

Resmi aladalar

27-nji awgustda çykyş eden Çiliniň prezidenti Sebastýan Pinera ýer astynda galan magdançylara elden gelen kömegini etjekdigini aýtdy: “Men ýurduň Saglyk ministrligine magdançylary halas etmek üçin San Lorenzo operasiýasyna başlamagy görkezme berdim. San Lorenzo ýa-da keramatly Leonard magdançylary gorap saklaýandyr. Şol operasiýanyň dowamynda ýer astynda galan magdançylarymyza zerur bolan suw, kislorod, iýmit, derman-däri, medisina enjamlary berler. Olaryň fiziki hem psihiki ýagadaýyny kadaly saklamak üçin elden gelen tagallamyzy ederis”.

Ýer astynda uzak wagt baglanyp galan magdançylaryň maşgalalary, olaryň golaýynda çadyr dikip, ýakynlarynyň ýanlarynda bolmak islediler. Olar wagtal-wagtal hat ýazyp, kyn ýagdaýa düşen adamsyny, ogluny, doganyny ruhy taýdan goldamaga synanyşýarlar. Çilim soran käbir magdançylara düzüminde nikotin bolan sakgyjyň berlendigi aýdylýar.

Şeýle hem garaňkyda uzak dowam edýän günlerde biraz güýmenje bolsun diýip, magdançylara kiçi proýektorlar hem elektron oýunlar ýaly enjamlar iberildi.

NASA-dan kömek soraldy

Çiliniň hökümeti kosmosda dar ýerde uzak wagtyň dowamynda bolýan adamlar bilen işleşýän ABŞ-nyň aeronawtika boýunça milli edarasy NASA-ny kömege çagyryp, ondan tejribe alyşmagyny haýyş etdi.

NASA-nyň ýokary derejeli işgäri doktor Maýkl Dunkan magdançylaryň düşen ýagdaýy barada şeýle diýýär: “Çiliniň hökümeti gaty guramaçylykly hereket edýär. Olar ýer astynda üzňelikde galan magdançylara ýardam bermek ugrunda köp iş alyp barýarlar. Ýöne magdançylaryň özleri-de diri galmak üçin köp zat edene meňzeýärler. Ýagny, olaryň häzirki düşen ýagdaýlaryndan diri çykmak üçin guramaçylykly hereket edendikleri görünýär. Biz magdançylaryň saglygyny kadaly ýagdaýda saklamak üçin degerli maslahatlar bilen ýardam bermegi planlaşdyrýarys”.

5-nji awgustda San Hose şahtasynda awariýa bolup, 33 magdançy ýer astyndaky şahtada daşky dünýäden üzňelikde galdy. 28 magdançynyň dogan-garyndaşlary şahtanyň eýelerine garşy suda arza bilen ýüz tutdular.

Ýerli sud hem bu şahtanyň eýelerine degişli 2 million dollara barabar serişdäni doňduryp, zerur bolan halatynda bu pullaryň magdançylaryň maşgalalaryna kompensasiýa tölemek üçin ulanyljakdygyny habar berdi.
XS
SM
MD
LG