Sepleriň elýeterliligi

BMG-niň edarasy düýpli reforma mätäç


BMG-niň Howanyň global maýlamagy boýunça edarasy 2007-nji ýylyň hasabatynyň daşynda dawa-jenjeli döreden käbir ýalňyşlyklaryň öňüni almak üçin düýpli reforma mätäç.

Bäş aýyň dowamynda Howanyň maýlamagy boýunça hökümetara ekspertler toparynyň işini derňän garaşsyz synçylar toparynyň çykaran netijeleri reformanyň zerurlygyny mälim etdi. Garaşsyz synçylar toparynyň maglumatlary 30-njy awgustda BMG-niň Nýu Yorkda ýerleşýän baş edarasynda yglan edildi.

Ygtybarlygyna täsir ýetdi

BMG tarapyndan guralan derňewi geçiren ylmy wekillerden ybarat topara ýolbaşçylyk eden Prinston Uniwersitetiniň öňki prezidenti Harold Şapiro goýberilen ýalňyşlyklaryň Howanyň maýlamagyna degişli hökümetara ekspertler toparyna bolan ynama täsir ýetirenligini aýdyp, ýyllar boýy gazanylan ynamyň indi gaýtadan gazanylmaly boljagyny belledi.

Synçylar topary Howanyň maýlamagyna degişli hökümetara ekspertler toparynyň işiniň umuman üstünlikli bolanlygyny habar berdi, emma onuň öz hasabatlary üçin ulanýan maglumatlary babatynda has berk talaply düzgünleri girizmeginiň zerurlygyny nygtady.

Şeýle-de geçirilen derňewleriň netjesinde toparyň ýolbaçylarynyň arasynda özara bähbitlere degişli potensial gapma-garşylyklara gaýtadan garamak we ýolbaşçylygyň strukturasyny üýtgetmek talaby öňe sürüldi.

“Ýasama” howp

Howanyň maýlamagyna degişli hökümetara ekspertler toparynyň işiniň derňewiniň geçirilmegine BMG-niň howanyň üýtgemegi boýunça edarasynyň 2007-nji ýylda ýaýradan hasabaty netijesinde dawa-jenjeliň döremegi sebäp bolupdy. BMG-niň bu edarasy howanyň üýtgemegi barada jemgyýetçilige maglumat bermekdäki roly üçin Nobel baýragyna eýe bolupdy.

Howanyň maýlamagyna degişli hökümetara ekspertler toparynyň 2007-nji ýylda çap eden 1,000 sahypalyk hasabaty gazyň, kömrüň we beýleki ýangyç serişdeleriniň tüssesiniň howa goşulyp, Ýer şaryna ýetirýän howpy barada güýçli duýduryş hökmünde kabul edilipdi.

Emma howanyň üýtgemegine bagyşlanyp 2009-njy ýylda Kopengagende ýokary derjede geçirilen duşuşygyň öň ýanynda Angliýanyň howany öwrenmek boýunça abraýly bileleşiginiň alymlarynyň arasynda alşylan bir müňden gowrak elektron hatlary köpçülige mälim edilipdi. Şol maglumatlar hasabatda esasy orun tutupdy.

Howanyň üýtgeýänligine şübheli garaýan synçylaryň pikiriçe, alymlaryň şol hatlary, ýagny hasabata goşulan maglumatlar howanyň maýlamagyna degişli howpuň emeli ýagdaýda güýçlendirilýänligini subut edýärdi.

Britaniýada geçirilen üç derňewiň netijesinde alymlaryň galplyga gatnaşygynyň ýoklugy mälim edildi.

Şübhe astynda

Emma ýanwar aýynda Howanyň maýlamagyna degişli hökümetara ekspertler topary Aziýada milliard adamy suw bilen üpjün edýän Gimalaý buzlugynyň 2035-nji ýyla çenli ýok bolmagynyň ähtimallygy barada beren öňki çaklamalarynyň ýalňyşdygyny boýun aldy.

Rajendra Paçauri
Toparyň birnäçe beýleki çaklamalary hem şübhe astyna düşdi. Howanyň maýlamagyna degişli hökümetara ekspertler toparynyň häzirki başlygy Rajendra Paçauri hem tankyt astyna düşdi.

Rajendra Paçauri adamzadyň howanyň maýlamagyna sebäp bolýan hereketlerine bäsdeşlik edýän gaýtadan işlenilýän energiýa serişdelerini öndürýän kompaniýalar bilen gatnaşyk saklaýar diýlip güman edildi. Emma garaşsyz derňewler Paçauriniň maliýe hyýanatçylyklara gatnaşygynyň ýokdugyny mälim etdi.

Žurnalistleriň öňünde çykyş eden Paçauri BMG-niň Howanyň global maýlamagy boýunça edarasynyň reformirlenmeginiň zerurlygyny boýun aldy, emma ol tankytçylary gapma-garşylyklardan öz bähbitleri üçin peýdalanmakda aýyplady.
XS
SM
MD
LG