Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkiýe çatrykda


Premýer-ministr Rejep Taýyp Erdogan hem oppozisiýa bilen hyzmatdaşlyga girişmegi dowamly ret edip geldi.
Premýer-ministr Rejep Taýyp Erdogan hem oppozisiýa bilen hyzmatdaşlyga girişmegi dowamly ret edip geldi.
Türkiýede Baş kanuna girizilmegi teklip edilen üýtgetmeler barada 12-njy sentýabrda geçmeli referendumyň ýakynlamgy bilen ýurduň iki sany gapma-garşylykly keşbi aýan bolýar. Bularyň biri parahatçlylykly öňegidişlige we reforma ukyply. Beýlekisi bolsa tükeniksiz, weýrançylykly içki bölünişikleriň gysajyndaky ýurt.

Türkiýe geçen onýyllykda, aýratyn hem 8 ýyl mundan ozal “Adalat we Galkynyş” partiýasy häkimiýet başyna geleli bäri işi rowaç alan ýurtlaryň biri. Şu döwrüň içinde gazanan üstünlikleri bilen abraý gazanan ýurt.

Türkiýe indi durnukly puly, birsyhly artýan içerki önümçiligi, daşary ýurt maýa goýumlary we eksporty bilen dünýäde ykdysadyýeti iň çalt ösýän 10 ýurduň hatarynda dur. 1952-nji ýyldan bäri NATO agzasy bolan Türkiýe Ýewropa Bileleşigine girmegi mümkin kandidat.

Ankara goňşulary bilen gatnaşyklaryny gowulandyryp, möhüm regional güýje-de öwrüldi. Ýöne Türkiýäniň uly kürt problemasy bar. “Kürdistan Işçi Partiýasy” (PKK) giňgerimli özbaşdaklyk ýa garaşsyzlyk talap edip, 30 ýyldan gowrak wagt bäri türk güýçleriniň garşysyna gandöküşikli söweş alyp barýar. Gazaply hereketlerde ölenleriň sany 30 müňden geçdi.

Ýeke özi

Türkiýäniň mundan beýläk hem ösmeginiň öňünde duran çynlakaý päsgelçilikleriň ýene biri - “Adalat we Galkynyş” partiýasy häkimiýet başyna gelenden soň dörän jemgyýetçilik bölünişigi. 2003-nji we 2007-nji ýyllarda gazanan ýeňişi bu partiýanyň ýeke özüniň hökümet gurmagyna ýol açdy.

Bu pozisiýa “Adalat we Galkynyş” partiýasynyň öňki hökümetleriň meýil görkezmedik ýa başarmadyk reformalaryny amala aşyrmagyna mümkinçilik berdi. Ýöne bu şol bir wagtyň özünde onlarça ýyllap ýurdy dolandyryp gelen döwlet býurokratiýasy bilen goşuny gahar-gazaba mündirdi. “Adalat we Galkynyş” partiýasy ýurdy dünýewi, demokratik ýolundan çykaryp barýar diýen şübhäni oýardy. Partiýa muny berk ret edýär.

Geçen 8 ýyllykda Türkiýäniň ykdysady we syýasy üstünligi yzygiderli dowam etdi. Ýöne bu döwrüň içinde bu güýçleriň arasyndaky göreşiň hem yzy üzülmedi. Bir gezek sud “Adalat we Galkynyş” partiýasyny gadagan etmäge synanyşdy. Bir gezek, aýdylyşyna görä, harbylar hökümeti agdarmaga synanyşyk edipdir. Ýöne premýer-ministr Rejep Taýyp Erdogan hem oppozisiýa bilen hyzmatdaşlyga girişmegi dowamly ret edip geldi.

Indiki töwekgelçilik

Ine, 12-nji sentýabrda türkler Baş kanuna girizilmegi teklip edilen üýtgetmeler boýunça ses berişlige gider. Bu üýtgetmelerde harbylaryň syýasata we sud sistemasyna täsirini çäklendirmek, Ýewropa usulyndaky sosial we maşgala kanunlaryny güýçlendirmek göz öňünde tutulýar. Hökümet halky bu düzedişleri oňlamaklyga çagyrýar. Oppozisiýa hem bulary hökümetiň sud sistemasyna gözegçiligini güýçlendirer diýip, ret edýär.

1980-nji ýyla degişli Baş kanuna düzediş gerekdigi şübhesiz. Ol kanun indi güýçli, öňkülerinden has demokratik ýurda öwrülen 21-nji asyryň Türkiýesine laýyk gelenok. Ýöne syýasy taýdan petige dirän bu ýurt zorluk ýa bikanun çärelere ýuz urman bu ugra gidip bilermi? Ol bir eglişige, ylalaşyga ýol tapmasa, onda soňky ýyllarda gazanylan üstünlikleriň howp astyna düşmegi mümkin.

Abbas Jawadi Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosynyň Gepleşikler bölüminiň başlygynyň kömekçisi. Bu kommentariýada öňe sürlen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG