Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Mukaddeslikden peýdalanýarlar


Kalby päk adamlar halkyň arasynda mukaddes hasaplanýan zada arassa ýürek bilen seredip, ony hormatlamaga, mukaddes saklamaga çalyşýarlar. Emma hapa ýüreklilerden welin, hiç wagt gowulyga garaşma. Olar üçin dünýede mukaddes zat ýok. Olar islendik mukaddesligi bir söý bilen pula çalyşmaga taýýar.

Külli musulmanlar tarapyndan mukaddes saýylýan oraza aýyny hem öz bähbidi üçin ulanyp ýörenler kän. Oraza aýynyň täze başlanan günleriniň birinde tanyşlarymyzyň biriniň gapysyndan sakgally, başy telpekli, egni türkmen donly, eli hasaly, otuz-otuz bäş ýaşlar töweregindäki bir erkek kişi girýär. Ol elindäki magnitafon kassetasyny görkezip, wagyz satýandygyny aýdýar. Oraza aýynda her bir musulmanyň wagyz diňlemelidigini, ony diňlemekden ýüz öwürýänleriň günä gazanjakdygyny aýdýar.

Din ugrundan hiç hili bilimi-düşünjesi bolmadyk, dini däp-dessurlary-da iliň ugruna berjaý edip ýören öý eýesi mukaddes oraza aýynda günä gazanmakdan gorkup, özüne hödürlenen kassetany satyn alýar. Agşam maşgala saçak başyna üýşen çagda wagyz ýazylan kasseta satyn alandygyny aýdyp, kassetany diňlemek üçin saz merkezinde goýýarlar. Kassetadan ors aýdymlary ýaňlanyp ugraýar. Diňe şol pursatda kasseta satyn alan öz gapysyndan wagyz ýaýradyjy däl-de, aňsat ýol bilen pul gazanmagyň kül-külüne düşen kezzabyň gelenine düşünýär.

Kezzapçylygyň ýoly kän

Köplenç adamlar hassahanalaryň, saglyk öýleriniň içinde, töwereginde, awtobus duralgalarynda kiçijik kagyza dolanan bir çümmük duzy satyp ýören erkek kişilere sataşýarlar. Olar duzuň mukaddes Mekgeden getirilendigini aýdyp, ol duzy ýalanlaryň (ýagny diline degrenleriň) kesellerden saplanjakdygy, duzy almakdan boýun gaçyrýanlaryň uly günä gazanjakdygy hakda takal okaýarlar. Dertden saplanmagyň gaýgysy bilen oturan näsaglar derrew duz dolangy kagyzjygy satyn almak bilen bolýarlar. Bir çümmük duzjagazyň bahasy bolsa bir manat. Bu az-küş hem däl.

Bu işleri edýänleriň köpüsi neşekeşler bolup çykýar. Duzjagazlary satyp ýören erkek kişileriň saralan ýüzi, hor göwresi, syrylmadyk sakgallary, kir-kimre eýlenen üst-başy olaryň neşekeşlerdigini mese-mälim aýan edip duran-da bolsa, hatda olaryň duz satyp duranyny görüp-synlap duran medisina işgärleri-de, şol ýeriniň pol süpürijileri-de bu ýagdaýa örän biparh seredýärler. Beýle adamlary saglyk öýlerine, hassahanalara goýbermezligiň deregine, şol duzlardan hatda medisina işgärlerinden satyn alyp ýörenler-de bar. Bu ýagdaýyň şeýle bolmagy ilat köpçüliginde din barada dünýewi düşünjäniň ýoklugy üçindir.

«Günä gazanýarsyň» diýen sözden örän köp adam gorkýar. Aýratyn-da, sada halk gorkýar. Sebäbi adamlar üçin bu gün betbagtçylyk köpeldi. Keselçilik, öýsüz galmaklyk, işsizlik adamlary mydama howsalada ýaşar ýaly ýagdaýa düşürdi. Şeýle bolansoň, adamlar hiç wagt günä gazanmak islemeýärler. Günä gazanylsa öýsüz galmaly bolar, işsiz, çöreksiz galmaly bolar, keselçilige, biwagt ölüme sataşmaly bolar öýdüp gorkýarlar. Onsoň olar günä gazanmajak bolup, «Mekgeden getirildi» diýilýän duzy-da satyn alýarlar, «wagyz ýazylgy» diýilýän kassetany-da satyn alýarlar. «Eýrandan gelen hamyrmaýa, ýedi goňşyňa paýlasaň, baý bolýarsyň» diýlip berilýän hamyrmaýany-da alýarlar.

Paş etmeli

Aldanmak isleýäne aldawçy kän. Bu zatlar şeýle bolmaz ýaly, ýerli metbugatda, radio-telewideniýede aram-aram dini däp-dessurlar, dini däp-dessurlary öz haýryna ulanýan ýalançy-kezzaplar hakda gürrüň edip durmaly. Duzdur kasseta paýlap ýörenleri gizlin kamera bilen surata düşürip, olaryň kimdiklerini paş etmeli. Aýratyn-da stomotologiýa merkezinde, Nyýazow adyndaky keselhanada şeýle adamlar mydama aýlanyp ýörler. Olara her gün sataşmak bolýar. Mekgä baryp, keramatly duz getirmeg-ä beýlede dursun, ol adamlaryň Mekgäniň haýsy tarapda ýerleşýänini-de bilmeýändikleri ýüz-gözünden bildirip dur.

Çoluk Möwlamow aşgabatly synçynyň edebi lakamy. Şu blogda öňe sürlen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG