Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Toni Bleýriň ýatlamalar kitaby çap edildi


Britaniýanyň öňki premýer-ministri Toni Bleýr täze çap edilen ýatlamalarynda Yrak urşynda ölen esgerler we asuda ilat üçin aglandygyny aýtdy. Emma ol Yragyň diktatoryny häkimiýet başyndan agdarmak kararynyň dogry bolandygyna ynanýandygyny we ABŞ-nyň Yraga çozmagyny berk goldandygyna gynanmaýandygyny sözüne goşdy.

Bleýriň ýatlamasy şu gün ýaýradyldy. Ol bu kitabyndan düşen puly uruş weteranlaryna kömek edýän gurama berjekdigini yglan etdi.

Bleýr 2007-nji ýylyň iýunynda premýer-ministrlikden çekilipdi.
XS
SM
MD
LG