Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Amerikaly kongresmen Aşgabada sapar edýär


ABŞ-nyň Kongresiniň Wekiller öýüniň daşary gatnaşyklar boýunça komitetiniň agzasy Brent Wulfork Aşgabada sapar edýär.

Sişenbe güni Türkmenistanyň Mejlisinde Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasyndaky parlamentara gatnaşyklary mundan beýläk hem ösdürmegiň ýollary Brent Wulfork bilen maslahat edildi.

B.Wulforkyň Daşary işler, Nebit gaz senagaty we mineral serişdeleri ministrliklerinde kabul edilendigi hem habar berilýär.

B.Wulfork öz saparynyň çäginde Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasynyň Internet merkeziniň işleri bilen tanyşar we Milli muzeýe baryp görer.
XS
SM
MD
LG