Sepleriň elýeterliligi

Moskwada 60 çemesi adam tussag edildi


Sişenbe güni orsýetli oppozisiýa wekilleri we adam hukuklary aktiwistleri Moskwada, Sankt Peterburgda we beýleki şäherlerde resmi taýdan rugsat edilmedik protestleri geçirdiler.

Habarlara görä, Moskwada 60 çemesi adam tussag edildi. Paýtagtyň merkezindäki proteste Ýewropa Bileleşiginiň Orsýete sapar edýän 4 deputaty gatnaşdy we olar protesti gurnaýjylary milisiýanyň tussag etmegini ýazgardylar.

Ýewropa Parlamentiniň adam hukuklary boýunça komitetiniň başlygy Heidi Hautala öňki premýer- ministr Boris Nemsowyň protestde tussag edilmegi “kanunyň bozulmagy” diýdi. Başga bir belli oppozisiýa lideri Limonow hem tussag edildi.

Oppozisiýa wekilleri we adam hukuklary aktiwistleri her aýyň 31-nde protest geçirip, Baş kanynyň 31-nji maddasyna ünsi çekmäge çalyşýarlar. Şol madda ýygnak azatlygyna kepil geçýär.

Adatça, häkimiýeter protestlere rugsat bermeýär we olar başlamanka milisiýa protestçileri dargadýar.
XS
SM
MD
LG