Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyrgyz mekdepleri okuwa taýýarmy?


Täze okuw ýylynyň başlanmagy bilen howpsuzlyk çäreleri Gyrgyzystanyň günorta böleginde köpleri gyzyklandyrýan esasy mesele bolup durýar.

Oşdaky çadyr mekdep
please wait
Embed

No media source currently available

0:00 0:01:12 0:00

Täze okuw ýylynyň ilkinji gününde Oş şäherinde ýaşaýan ýüzlerçe okuwçy ilkinji sapaklaryny çadyrlarda aldylar. Olaryň mekdepleriniň binasy iýun aýyndaky çaknyşyklarda weýran bolupdy. Çadyr mekdepler UNICEF tarapyndan maliýeleşdirildi.


Täze okuw ýylynyň başlanmagyny okuwçylar mydama tolgunma we aladalanma bilen garşylaýarlar. Emma bu ýyl okuw ýyly ene-atalaryň aladasyny hem artdyrdy.

Käbir ene-atalar okuw ýylynyň başlanmagyna tomus aýlarynda ýüze çykan etnigara gandöküşikli çaknyşyklary başdan geçiren çagalaryny ruhy taýdan goldamaga mümkinçilik hökmünde garaýarlar. Emma beýlekiler mekdeplerdäki howpsuzlyk şertleri çagalaryny zorlukdan goramak üçin ýeterlik däl diýip, pikir edýärler.

Ynamsyzlyk dowam edýär

Oş şäherinden 13 ýaşly Almaz mekdebe gatnamak isleýänligini, emma ene-atasynyň ony mekdebe goýbermek barada anyk karara gelmänligini aýdýar. Almazyň sözlerine görä, onuň ene-atasy häzirlikçe bir aý garaşmagyň tarapdary.

Oş Gyrgyzystanyň günorta böleginiň beýleki künjekleri ýaly asuda görünýär. Oşda we Jelalabatda şu ýylyň iýun aýynda emele gelen etnigara çaknyşyklara meňzeş wakalar häzirki wagtda göze ilmeýär.

Emma entigara gapma-garşylyklar Gyrgyzystanyň günorta regionlarynyň ilatynyň ýadyndan çykanok. Çaknyşyklar zerarly 400 adam heläk bolup, 400 müň adam öýlerini terk etmäge mejbur bolupdy. Olaryň köpüsi özbekler.

Şeýlelikde, etniki toparlaryň arasynda güýçli ynamsyzlyk höküm sürýär. Tomusky wakalardan soň adamlaryň tussag edilmegi ýa ýitirim bolmagy hem ýaraşyga kölege saldy. Regiondaky ýagdaý köp maşgalalary Gyrgyzystanyň beýleki böleklerine we beýleki ýurtlara, şol sanda Orsýete göçüp gitmäge mejbur etdi.

Oş şäheriniň häkimi Melis Mirzahmatow okuw ýylynyň başlangyjyny howpsuzlyk ýagdaýy kadalaşdyrylýança yza tesdirmegiň zerurlygyny mälim edipdi. Ol mekdepleriň howpsuzlyk şertlerini üpjün etmek üçin goşmaça 500 polisýa wekiliniň iberilmegini talap edip, ýakynda hökümete ýüz tutdy.

Oş şäheriniň häkimi Melis Mirzahmatow howpsuzlyk çäreleri üpjün edilmese, 2004-nji ýylda Orsýetiň Beslan şäherinde bolan pajygaly waka ýaly betbagtçylygyň gaýtalanmak howpunyň abanýanlygyny duýdurdy.

Howpsuzlyk çäreleri

Bilim ministrliginiň wekilleri Oş şäheriniň käbir mekdepleriniň howpsuzlyk ýagdaýynyň gije-gündiziň dowamynda göz astyndadygyny mälim etdiler. Bilim ugrundan ýerli resmiler bu meselede ähli zerur çäreleriň görlenligini aýdýarlar.

“Mekdebe hoş geldiňiz!” şygary astynda resmi kampaniýa hem alnyp barylýar. Çagalara bilim beriş prossesiniň yzygiderli dowam etdirilmegine we raýatlaryň howpsuzlyk çärelerine bolan ynamynyň güýçlendirilmegine gönükdirilen bu kampaniýanyň çäginde çagalary mekdeplere howpsuz aşyrmak üçin ýörite awtobus gatnawy hem ýola goýuldy. Ýerli häkimiýetler çagalary awtobuslara çenli ugratmak we garşylamak çagyryşy bilen ene-atalara ýüzlendi.

Oş şäheriniň bilim edarasynyň başlygy Abdywali Baltaýew howpsuzlyk çärelerini üpjün etmegiň häkimiýetleriň ileri tutýan meselesi bolup durýanlygyny aýtdy. Oş şäheriniň iki mekdebi, şol sanda Hamza adyndaky özbek mekdebi tomusky çaknyşyklarda otlanypdy.

Oş şäheriniň häkimiýetleri şäheriň 57 mekdebinden diňe birinden galanynyň doly bejerlenligini aýdýarlar. Ýapyklygyna galýan Hamza adyndaky mekdebiň 500-e golaý okuwçysy başga mekdeplerde okamaly bolar.
XS
SM
MD
LG