Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Lukmanlar ýalňyşmasyn


Bu waka irräk döwürde Ahal welaýatyna degişli Gökdepe etrabynda bolup geçipdi.

Bir maşgalanyň durmuşa çykmadyk ulugyzynyň garny ulalyp başlaýar. Muny duýan maşgalabaşy bolan ýaşuly gyzyny lukmanyň gözegçiligine eltýär. Gyzy UZI (ultra ses bilen barlaýan apparat) boýunça barlan lukman ýaşula gyzyň göwresinde çaga bardygyny aýdýar. Hakykatda bolsa gyzyň göwresinde rus dilinde «kista» diýlip at berilýän et örýän eken.

Ýaşuly öýüne gelip, gyzyny gyssaýar. «Çaga kimden?» diýip soraýar. Sada oba gyzy goňşy oglanyň özüne soňky wagtlar ýiti-ýiti seredýänini aňýan eken we şeýle ýagdaýda-da göwrelilik emele gelip bilýändir öýdüp düşünýär. Kakasyndan gorkan gyz oňa goňşy oglanyň salgyny berýär. Ýaşuly bir gün goňşy oglany sygyr dölä, hamala kömege çagyrýan ýaly çagyrýar we ony paltalap öldürýär, jesedini bolsa sygyr dölesinde gömýär.

Gijräk hem bolsa, derňew organlary tarapyndan bu wakanyň üsti açylýar. Ýaşuly jenaýat jogapkärçiligine çekilýär hem-de azatlykdan mahrum edilýär. Hiç hili göwrelilik alamaty bolmadyk gyza şeýle diagnozy goýan lukman welin jezadan çetde galýar.

Ýaňy-ýakynda...

Ýaňy-ýakynda lukmanlar tarapyndan ters diagnoz goýma wakasy ýene ýüze çykdy. Buşugan wagty jebir çekmeli bolýan ýaş ýetginjegi ejesi lukmanyň gözegçiligine eltýär. Medisina institutyny ýaňyrak tamamlap, täzeräk işe başlan ýaş lukman ýigit on dört ýaşly ýetginjegi barlandan soň, onda hapa jynsy keseliniň bardygyny aýdyp, enä başga lukmana ýüz tutmagy maslahat berýär. Bu habary eşiden enäniň zähresi ýarylýar. On dört ýaşly oglanda beýle keseliň nireden bolup bilýänine haýran galýar, oglunyň mekdepden başga ýere gitmeýänini aýdýar. Ýaş lukman barybir onuň gepini diňlemän, «Hapa jynsy keselliniň oturan ýerinde otursa-da, şeýle kesel ýokuşyp bilýär» diýýär-de, ony ugradyp goýberýär.

Ene goňşusynyň ýanyna gelip, bu habary aýdyp nalaýar. Köpi gören goňşy oglanyň buşuk haltasynyň sowuklan bolmagyny aýdyp, oňa sowuklamanyň garşysyna gerekli dermanlary alyp içirmegi enä maslahat berýär.

Ene goňşusynyň diýenini edýär. Bir hepdeläp ogluna goňşusynyň salgy beren dermanlaryny içirýär. Ýetginjek şondan soň dertden saplanyp gidýär.

Sag golunyň pilçesi duýdansyz agyryp ugran aýal Aşgabadyň koordiologiýa merkezine ýüz tutýar. Ol ýerde näsag aýaly her hili apparatdan, rentgenden geçirip görýärler hem-de «Süňk ragy» diýip diagnoz goýýarlar. «Aýagyň süňkünden alyp, şol ýere ýelmemeli» diýibem em salgy berýärler. Näsag aýal gözýaş döküp, hossarlary bilen hoşlaşyp, lukmandan-lukmana ylgaýar. Örän kän lukmanlar rentgen apparatynyň alan suratlaryny synlap, goýlan diagnozy tassyklaýar. Ýöne birden ol aýala bir tanyş lukmany duşup, pilçedäki gara tegmiliň rak keseliniň däl-de, sowuklamanyň alamatydygyny aýdýar. Şu habary eşidenden soň näsag aýal özüniň köp wagtlap, işde kondisioneriň öňünde oturandygyny ýadyna salýar. Soňra sowuklamanyň garşysyna dermanlary kabul edip, dertden saplanýar.

Kadrlar gerek

Şeýle ýalňyş diagnoz goýmalar türkmen lukmanlarynyň arasynda örän köp gabat gelýär. Soňky döwürde Türkmenistanda örän köp täze hassahanalar gurlup, olar dünýäniň ösen döwletlerinden getirilen, iň kämil medisina enjamlary bilen üpjün edilýär. Ýöne enjamlaryň işine düşünmeýän adamlar ol enjamlaryň başyna eltilse, kämil enjamdan ne peýda!

27-nji awgustda Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetini döretmek hakyndaky Permana gol çekdi. Öňki medisina instituty uniwersitete öwrüldi hem-de oňa täze bina bagyşlandy.

Ösen döwletlerden iň täze, kämil medisina enjamlarynyň getirilmegi, lukmançylyk institutynyň uniwersitete öwrülmegi, täze tipli hassahanalaryň, saglyk öýleriniň gurulmagy gowy zat. Ýöne bu zatlaryň hemmesinden zerur zat —zehinli, işine ezber medisina kadrlary gerek.

Ellerine ýigrimi bäş-otuz müň amerikan dollaryny alyp gelip, medisina institutyna girip bilmän gidýänleri, medisina ugrundan bilim almak meselesinde-de parahorlugyň, tanyşparazlygyň, wezipeparazlygyň ösmegi, ýol almagy geljek hakda gorkuly pikir öwürmäge mejbur edýär. Täze döredilen uniwerisitet babatda bir şu zatlardan ara açylsa ýagşy. Medisina ugrundan bilimi diňe şu ugra höwes edýänlere bermeli. Şu ýagdaý berjaý edilmese, ters diagnoz goýulmalar-da, ters bejergiler-de ýitip gitmez. Bu örän gynançly ýagdaý.

Serdar Gulgeldiýew aşgabatly synçynyň edebi lakamy. Bu blogda öňe sürlen pikirler we garaýyşlar awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG