Sepleriň elýeterliligi

Lukmançylyk binalarynyň açylyş dabaralary


Türkmenistanyň döwlet lukmançylyk uniwersiteti

Türkmenistanyň döwlet lukmançylyk uniwersiteti

1-nji sentýabrda Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň hem-de Ýokanç keseller merkezleri müdirliginiň toplumynyň açylyş dabaralary boldy.

Ýaňy-ýakynda döredilen lukmançylyk uniwersitetiniň täze binasy paýtagtyň dag eteginde ýerleşýän halkara saglygy goraýyş merkezler müdirýetiniň golaýynda guruldy. Bu uniwersitetde üç müň talyp bilim alar. Lukmançylyk uniwersitetinde keseliň öňüni alyş we bejeriş, pediatriýa, stomatologiýa, farmasewtika hünärleri boýunça talyplara bilim berilýär.

Lukmançylyk uniwersiteti öz toplumynda fiziologiýa hem-de biologiýa okuw binalaryny, ylmy-barlaglar merkezini we diplomdan soňky bilim bölümini, «Galkynyş» merkezini, taryh muzeýini, kitaphanany, mejlisler we sport zallaryny hem-de umumy ýaşaýyş jaýlaryny jemleýär. Uniwersitetiň kitaphanasynda medisina kitaplarynyň elektron görnüşi hem döredilipdir.

Täze uniwersititet bilen tanşandan soň, Berdimuhamedow bu ýerde Türkmenistanyň döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň alymlar geňeşini geçirip, täze açylan ýokary okuw mekdebiniň ýolbaşçylaryny wezipä belledi. Prezidentiň permany bilen Lukmançylyk uniwersitetiniň rektory wezipesine Saglygy goraýyş we derman senagaty ministriniň öňki orunbasary Güljemal Ezizowa bellenildi.

Täze hassahanalar açyldy

Ýokanç keselleri merkezleri müdirýeti
Şol gün Berdimuhamedow paýtagtyň gaýrasynda ýerleşýän Çoganly raýonynda täze açylan ýokanç keselleri merkezleri müdirýetiniň hem açylyş dabarasyna gatnaşdy.

Hassahanalar toplumy Inçekeseli bejeriş we öňüni alyş merkezini, merkezi deri-wenerologiýa hassahanasyny, ýokanç keselleri bejeriş we öňüni alyş merkezini, gan merkezini, AIDS-iň öňüni alyş merkezini özünde jemleýär.

Bu hassahanalar ozal paýtagtyň merkezinde dürli ýerlerde aýratyn özbaşyna ýerleşýärdiler. Indi olaryň ählisi Çoganly raýonynda gurlan täze binalara göçürilip getirildi.

Inçekeseli bejeriş we öňüni alyş merkeziniň açylmagy bolsa bu kesele garşy göreşi güýçlendirmekde öňe ädilen bir ädim diýip aýtmak bolar. 2003-nji ýylyň ahyrynda Saparmyrat Nyýazowyň görkezmesi bilen Aşgabatdaky inçekesel hassahanasy tutuşlygyna Kaka etrabynyň Duşak şäherçesine göçürilipdi. Bu kesel bilen kesellän paýtagtlylar bejergi almak üçin ol ýere gitmeli bolýardylar.

Ýöne täze açylan inçekesel hassahanasynyň 60 hassa üçin niýetlenendigini nazara alsaň, onda soňky döwürde paýtagtda juda köp ýaýran inçekesel bilen kesellän hassalaryň köpüsine ýardam etmekde bu ýerde kynçylygyň döremegi mümkin. Çünki 2003-nji ýylyň ahyryna çenli Aşgabatdaky bar bolan hassahana 450 orunlykdy we şonda-da ol ýerde hassalara boş ýer tapylmaýardy.

Ýerli habarçynyň maglumaty.
XS
SM
MD
LG