Sepleriň elýeterliligi

Ysraýyl bilen Palestina ylalaşyga gelinmegine umyt edýär


Öten agşam Waşingtonda dowam edýän özara gepleşikleriň barşynda Ysraýylyň we Palestinanyň liderleri Birleşen Ştatlar tarapyndan goldanylýan parahatçylyk planlarynyň başa barmagyna umyt edýändiklerini aýtdylar.

Öten agşam Waşingtonda prezident Obama bilen geçiren gepleşikleriniň yzy bilen eden çykyşynda, Ysraýylyň premýer-ministri Benýamin Netenýahu Palestinanyň lideri Mahmud Abbasa garap, ony «parahatçylyk meselesinde meniň partnýorym» diýip atlandyrdy.

Şu gün giçlik Benýamin Netenýahu bilen Mahmud Abbas soňky 20 aýa çeken böwşeňlikden soň ilkinji gezek parahatçylyk meselesi boýunça Waşingtonda ýüzbe-ýüz gepleşik geçirerler diýlip garaşylýar.
XS
SM
MD
LG