Sepleriň elýeterliligi

Yragyň liderleri “täze hökümeti gurmaga ýakynlaşdylar”


Yraga sapar edýän ABŞ-nyň wise-prezidenti Jo Baýdeniň sözlerine görä, Yragyň liderleri täze hökümeti gurmaga juda ýakynlaşdylar.

Jo Baýden ABŞ-nyň goranmak ministri Robert Geýts bilen amerikan harbylarynyň Yragyň güýçlerine kömek we maslahat bermek baradaky täze missiýasyny baýram etmek üçin Yraga bardy.

Bu sapara Yrakda alty aýlap dowam eden syýasy dawadan soň täze hökümeti gurmak üçin amerikan resmileriniň Bagdada basyş etmegine mümkinçilik hökmünde garalýar.

Düýn prezident Barak Obama ABŞ-nyň Yrakdaky söweş missiýasynyň resmi suratda tamamlanandygyny yglan etdi.
XS
SM
MD
LG