Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Oşa polisiýa ibermek baradaky gepleşikler dowam edýär


Gyrgyzystanyň hökümetiniň düýn mälim etmegine görä, olar şu ýylyň iýun aýynda gandöküşikli etniki çaknyşyklar bolan regiona Halkara polisiýa missiýasyny ýerleşdirmek baradaky gepleşiklere dowam edýärler.

Gyrgyzystan we ÝHHG 52 sany ýaragsyz polisiýa toparyny Oşda ýerleşdirmäge ylalaşdylar. Emma prezident Otunbaýewanyň metbugat wekili Awlanbek Jumabaýewiň Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, haçanda Gyrgyzystanyň bähbitleri doly hasaba alynandan soň şol missiýany ýerleşdirmek baradaky jarnama gol goýlar.
XS
SM
MD
LG