Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Täjik prezidenti dini eşiklileriň köpelmegine garşy


Düýn Täjigistanyň prezidenti öz ýurdunda dini eşiklileriň köpelmegini ýazgardy.

Emamoli Rahmon ýurduň döwlet uniwersitetinde studentlere ýüzlenip eden çykyşynda ýaş gyzlaryň milli eşigiň ýerine dini ýaglyk daňynýandyklaryny göreninde gynanandygyny aýtdy.

“Eger siz şeýle eşikli başga bir ýurdy gowy görýän bolsaňyz, onda şol ýurda ibereýin” diýip, Rahmon duýdurdy.

Rahmon 25-nji awgustda telewideniýe arkaly eden çykyşynda ene-atalary öz çagalaryny daşary ýurtlardaky dini medreselerden çykarmaga çagyrdy. Rahmon olaryň “ekstremistler”, “terroristler” bolmagyna böwet bolmagy tabşyrdy.
XS
SM
MD
LG