Sepleriň elýeterliligi

Pakistanyň Lahor şäherindäki partlamada 25 adam öldi


Çarşenbe güni Pakistanyň Lahor şäherinde şaýylaryň dini ýörişine edilen hüjümde 25 adam öldi we 150 adam ýaralandy.

Öz janyndan geçen 3 adam 35 müň adamlyk ýörişde bomba partlatdy.

Bu partlamalardan soň käbir şaýylar polisiýa hüjüm etdiler we polisiýanyň ulaglaryny, motosikletlerini ýakdylar.

Pakistanyň premýer-ministri Ýusuf Riza Gilani partlamalary ýazgardy we olary gurnanlaryň adyl suddan gutulmajakdygyny ynandyrdy.
XS
SM
MD
LG