Sepleriň elýeterliligi

Hytaý Eýrana garşy sanksiýalara hormat goýmaklyga çagyryldy


Şu gün Ýewropa Bileleşiginiň daşary gatnaşyklar boýunça bölüminiň başlygy Katrin Aşton Hytaýyň häkimiýetlerini BMG-niň Eýrana garşy girizen sanksiýalaryna hormat goýmaklyga we ony berjaý etmeklige çagyrdy.

Ýakynda Birleşen Ştatlaryň hökümet resmileri Eýrana garşy girizilen täze sanksiýalara garamazdan, Hytaýyň kompaniýalarynyň Eýran bilen söwda gatnaşyklaryny ösdürýändiklerini aýdyp, çykyş edipdiler.

Ýewropa Bileleşiginiň daşary gatnaşyklar boýunça bölüminiň başlygy Katrin Aşton şu gün Hytaýa saparynyň soňky güni Pekinde eden çykyşynda Hytaýyň häkimiýetlerini ýurduň kompaniýalarynyň Eýran bilen hyzmatdaşlyklaryny togtatmaga ýardam etmeklige çagyrdy.

Ýone žurnalistlere beren interwýusynda Katrin Aşton Hytaýyň kompaniýalarynyň Eýran bilen ykdysady hyzmatdaşlyklaryny ösdürip-ösdürmeýändikleri barada edil häzir bir zat aýtmaklygyň kyndygyny belledi.
XS
SM
MD
LG