Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tajigistanyň howpsuzlyk ýolbaşçylary işden boşadyldy


Täjigistanyň prezidenti Emomoli Rahmon geçen hepde berk goralýan türmeden howply tussaglaryň gaçmaklarynyň yzy bilen, şu gün ýurduň milli howpsuzlyk gullugynyň ýolbaşçylarynyň aglabasyny wezipesinden boşatdy.

Wezipesinden boşadylanlaryň arasynda ýurduň milli howpsuzlyk boýunça Döwlet Komitetiniň başlygy Haýriddin Abdurahmanow hem bar.

Ýakynda, 23-nji awgustda Täjigistanyň paýtagty Duşenbedäki berk goralgy türmeden 25 sany tussag gaçyp çykypdy. Bu wakada ol gaçgaklar türmäniň 5 sany sakçysyny-da öldüripdiler. Türmeden gaçanlaryň aglabasy dini ekstremizmde we terrorizmde günälenilen adamlar.

Bu wakadan bäri bir hepdeden gowrak wagtyň geçendigine garamazdan, bu adamlardan hiç hili habar-hatyr bilnenok.
XS
SM
MD
LG