Sepleriň elýeterliligi

logo-print

«Nowaýa wremýa» žurnalynyň ofislerine reýd geçirildi


Şu gün Orsýetiň polisiýa işgärleri Moskwada çap edilýän hepdelik «Nowaýa wremýa» žurnalynyň ofislerine reýd geçirdiler.

Bu žurnal ýurduň kanun goraýjy organlaryny we häkimiýetlerini tankytlaýjy ýiti makalalary bilen meşhur.

Žurnalyň baş redaktorynyň orunbasary Ilýa Barabanow bu geçirilen reýdler şu ýylyň başynda Moskwanyň OMON toparynyň kanun bozmalary barada şu žurnalda çap edilen materiallar bilen baglanyşyklydyr diýip hasaplaýandygyny aýdy.

Şeýle hem, ol žurnalyň ofislerini döken organ işgärleriniň bu barlaglaryň sebäpleri barada hiç hili düşündiriş bermändiklerini mälim etdi.

Şu ýylyň fewralynda şu «Nowaýa wremýa» žurnalynda «OMON-yň gullary» ady bilen tankydy makala çap edilipdi. Ol makalada milisiýanyň OMON bölüminiň ýörite para almak arkaly, hapa biznesleri, hususy jaýlary we hatda prostitusiýadan ýygnanýan pullary goramak ýaly işler bilen meşgullanýandygy bellenipdi.

XS
SM
MD
LG