Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berlen wadalar ýatlanmady


Narodetski:"Howpsuzlyk geňeşinde ýaňlanan tertip-düzgüne çagyryşlar şol içerki görkezmelere hem dowam edýän düzgünlere gös-göni degişli".
Narodetski:"Howpsuzlyk geňeşinde ýaňlanan tertip-düzgüne çagyryşlar şol içerki görkezmelere hem dowam edýän düzgünlere gös-göni degişli".

Ýakynda Türkmenistanyň prezidenti Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň maslahatyny geçirdi. Sekiz aýyň jemleri boýunça geçirilen maslahatda bu saparam güýç ulanyjy gurluşlaryň ýolbaşçylary bilen öňki geçirilen maslahatlardaky ýagdaý gaýtalandy.

Gör-bak, näçinji gezek G.Berdimuhamedow tertip-düzgüniň mundan beýläk hem berkidilmelidigini duýdurdy. Şol bir talabyň ençeme gezek gaýtalanmagy güýç ulanyjy gurluşlarda tertip-düzgüniň göz giderlik däldigini aňladýan bolmagy mümkin.

IIM-niň hasabatyndan soň G.Berdimuhamedow ýol hereketine gözegçilik gullugynyň işini tankytlamak bilen, tertip baradaky talabyny anyklaşdyrdy. Prezidentiň sözlerine görä, bu gullugyň hut işi gurnaýşyndaky kemçilikler ýol-transport hadysalarynyň sanynyň artmagyna sebäp bolýar.

Ýollarda betbagtçylykly hadysalar, onda-da onuň sanynyň artmagy barada G.Berdimuhamedowyň gürrüň etmeginiň özi bir täzelik. Sebäbi ýollarda bolýan hadysalar, betbagçylyklar baradaky maglumatlar döwlet syry hökmünde saklanýar! Şol maslahatda ýakynda bolan uly neşe dawalary baradaky maglumatlaram syrlygyna galdy.

Howpsuzlyk geňeşinde diňe neşe kontrabandasy baradaky faktlar agzaldy. Eger häkimiýetiň ýokary gatlaklarynda howandary bolmasa, neşe bilen bagly köpçülikleýin munuň ýaly işleriň bolmajakdygy barasynda türkmen jemgyýetinde gürrüňler köpeldi.

Şeýle giň möçberli operasiýalaryň arkasynda kimiň durandygy şu wagta çenli näbelli bolup galýar. Prezidentiň tertip-düzgün baradaky talaplarynyň güýç ulanyjy gurluşlarda nähili hereketleri döretjekdigini wagt görkezer.

Liberallaşma agzalmady

Güýç ulanyjy gurluşlaryň işiniň sekiz aýlyk jemlerinde ýurduň güýç ulanyjy gurluşlarynyň ählisini liberallaşdyrmak barada ýylyň başynda G.Berdimuhamedowyň beren sözi ýatlanmady, hatda ýaňzydylmadam.

Türkmenistanyň türmeler sistemasynda gowulaşma tarap hereketiň bardygy bellenmedi. Türme şertleri öňküleri ýaly üýtgewsizligine galýar. Olar tussaglardan doly. Bendileriň sany azalmaýar. Jezanyň iň ýokary derejesi öňküligine galdy. Ýogsa, prezident Jenaýat kodeksinden 25 ýyl azatlykdan mahrum etmek baradaky maddany aýyrmagy wada beripdi.

Ýurda gelmek, ýurtdan çykmak düzgüninde-de hiç hili gowşama, ýeňilleşme ýok. Güýç ulanyjy gurluşlar ýurdy berkden-berk, daşarky dünýäden üzňe saklamaly diýen ýörelgeden ugur alýarlar. Haýran galaýmaly: bu ýagdaý köpleri geňirgendirmeýär!

Hakyky ýapyklyk Türkmenistanyň daşarky dünýä ýakynlaşmagy, oňa gatylyp-garylmagy baradaky propagandanyň şygarlary bilen ýanaşyk dowam edýär. Şol şygarlaryň ýurduň graždanlary bilen hiç hili umumylygy ýok, diňe daşary ýurtlarda propagandistik utuk gazanmak üçin edilýän iş bolup çykýar.

Ýurduň içinde ýaşap oturan graždanlar üçin olaryň gündelik durmuşynda ýaňky aýdylanyň edil garşysyna köpçülikleýin çäklendirmeler, duýduryşlar bilen bagly görkezmeler işlenip düzülýär.

Howpsuzlyk geňeşinde ýaňlanan tertip-düzgüne çagyryşlar şol içerki görkezmelere hem dowam edýän düzgünlere gös-göni degişli. Diňlemesine diňlediler, ýöne ony kimiň eşidendigi indiki maslahatda belli bolar.

Aleksandr Narodetski postsowet döwletleri boýunça britaniýaly bilermen. Bu kommentariýada öňe sürlen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG