Sepleriň elýeterliligi

Ysraýyl we palestin liderleri gepleşiklere başladylar


Düýn Ysraýylyň we Palestinanyň liderleri yzygiderli gepleşikleri geçirmäge ylalaşdylar.

Ysraýylyň premýer-ministri Binýamin Netanýahu we Palestinanyň prezidenti Mahmut Abbas 14 we 15-nji sentýabrda ýene-de duşuşmaga ylalaşdylar.

Olaryň penşenbe güni Waşingtonda geçiren gepleşigi 2 ýyl çemesi döwrüň içindäki ilkinji duşuşygydy.

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Hillary Klinton konflikti tamamlamaga iki lideriň mümkinçiliginiň bardygyny aýtdy.

Gaza sektoryna gözegçilik edýän Hamas ýaraşyk gepleşiklerini inkär etdi we ysraýyllylara hüjümini dowam etdirjekdigini habar berdi.
XS
SM
MD
LG