Sepleriň elýeterliligi

Germaniýaly general Hamyt Karzaýy tankytlady


Penşenbe güni NATO-nyň ýolbaşçylygyndaky güýçleriň Owganystandaky operasiýalarynyň baştutany, germaniýaly general Egon Ramms talyplara garşy göreşde NATO güýçlerine goldaw bermänlikde prezident Hamyt Karzaýy tankytlady.

Ramms Germaniýanyň gündelik “Hendelşblat” gazetine beren interwiýusynda 2009-njy ýylyň noýabrynda Karzaýyň täzeden prezident saýlanmagynda Halkara howpsyzlyk güýçleriniň möhüm rol oýnandygyny aýtdy.

Ol ýerli owgan häkimiýetlerini hem tankytlap, demirgazykda koalision güýçleriň tussag eden Talyban agzalaryny olaryň boşadanlygyny aýtdy.

Germaniýanyň söweşijileri Owganystanyň demirgazygynda ýerleşýär.
XS
SM
MD
LG