Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýetiň däne eksportyna bolan gadaganlyk dowam edýär


Orsýetiň premýer-ministri Wladimir Putin dünýäde iň köp däne öndürijileriň biri bolan öz ýurdunyň däne eksportyna bolan gadaganlygyny ýakyn wagtda ýatyrmajakdygyny aýtdy.

“Biz diňe geljek ýylyň hasylyny ýygnanymyzdan soň onuň eksportyna gadaganlygy ýatyrmagy göz öňünde tutup bileris” diýip, W.Putin aýtdy. Ol anyk möhlet agzamady.

W.Putiniň metbugat wekili Dmitriý Peskow gadaganlygyň 31-nji dekabra çenli aýrylmajakdygyny tassyklady.

Şu ýyl Orsýetde bolan güýçli gurakçylyk ýurduň galla hasylynyň dörtden bir bölegini weýran etdi.

Geçen aýyň başlarynda W.Putiniň gol goýan permanyna görä, 15-nji awgustdan 31-nji dekabra çenli dänäni eksport etmek gadagan. Emma indiki ýyl bu gadaganlygyň möhletini hökümetiň uzaltmagynyň mümkindigini hem W.Putin sözüne goşdy.
XS
SM
MD
LG