Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýetli milisiýa başlyklaryny tankytlady, işden boşadyldy


Orsýetiň Ural regionynyň milisiýasy Tatýana Domraçewanyň aýtmagyna görä, ol wideo çykyşynda başlyklaryny korrupsiýada aýyplap, prezident Dmitriý Medwedewe ýüzlenenden soň wezipesinden boşadyldy.

Maýor Tatýana Domraçewa 10 minutlyk wideo çykyşynda Swerdlowsk regionynyň milisiýa bölüminiň ýolbaşçylaryny müňlerçe jenaýat işlerini galplaşdyrmakda aýyplady.

T.Domraçewa özüniň işe gelmänlikde aýyplanyp, wezipesinden boşadylandygyny Frans Press agentligine habar berdi. Ol göreşini sudda dowam etdirjekdigini hem sözüne goşdy.

Geçen aýlarda birnäçe milisioner şeýle çykyşlary edip, milisiýadaky problemalara ünsi çekipdiler.
XS
SM
MD
LG